Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda taksi çagyrmak hyzmaty işe girizildi

Awtoulag kärhanalar birleşigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Arkadag şäherinde we Ahal welaýatynda onlaýn taksi çagyrmak hyzmatynyň işe girizilendigini mälim etdi diýip, Türkmenawtoulaglary agentliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

Taksini 0656 gysga belgä jaň edip ýa-da Ynamly taksi mobil goşundysy arkaly sargyt edip bolýar. Häzirki wagtda mobil goşundysyny diňe Google Play arkaly ýükläp alyp bolýar. Şeýle-de ýakyn wagtda onuň App Store-da hem peýda boljakdygy hem aýdylýar.

Mobil goşundy arkaly taksi sargyt etmek üçin ony öz smartfonyňyza ýüklemeli, hasaba alynmaly we takyk barmaly salgyňy girizmeli ýa-da kartada görkezmeli.

Goşundy GPS-iň kömegi bilen ulanyjynyň ýerleşýän ýerini kesgitleýär we ýolagçy boljak adamyň maglumatlary barada sürüjä habar berýär.

Sargydyň tassyklanmagy we awtoulagyň gelmegi barada ýolagça SMS habarnamalary iberilýär. Saýlanan nyrhnama we ýoluň uzaklygyna baglylykda, geçilen ýoluň bahasy çykarylýar. Ýoluň takmynan bahasy mobil goşundyda görkezilýär. Taksi barmaly ýerine geleninden soň ýoluň gutarnykly bahasy ýolagçynyň telefonyna habarnama arkaly iberilýär.

Mundan başga hem mobil goşundyda gatnawlaryňyzyň taryhyny görüp bolýar. Goşundynyň goşmaça aýratynlygy hökmünde bolsa Halaýan ýerlerim funksiýasynyň girizilendigini görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen iň köp barýan ýeriňiziň salgysyny girizip bilersiňiz. Häzirki wagtda sargyt üçin diňe nagt töläp bilersiňiz, ýöne ýakyn wagtda sürüjiniň terminaly arkaly bank karty bilen tölegleri, şeýle hem onlaýn tölegleri girizmek meýilleşdirilýär.

Has giňişleýin maglumat üçin şu belgilere jaň edip bilersiňiz:

+99312443343

+99312443363.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Aşgabat gipermarketi mobil goşundysyny ulanyşa girizdi
Duralga programmasy Aşgabatda awtobuslaryň hereketini yzarlamaga kömek edýär
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
Diňle: Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi
Türkmen aktiwisti Stambulyň Taksim meýdanyna çykyp, türkmen hökümetine protest bildirdi