Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda halkara ylmy maslahat geçirildi

Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda halkara ylmy maslahat geçirildi

Şu gün Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guralan foruma ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we köp sanly işgärleri, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlar — kompaniýalaryň wekilleri, Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusyň, Türkiýäniň, Eýranyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy hassahanalarynyň hem-de institutlarynyň professorlarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşirinde habar berildi.

Çykyşlarda täze şäheriň durmuş düzüminde halkara ölçeglerine laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň bardygy bellenildi. Olaryň hatarynda 350 orunlyk Köpugurly hassahana, 150 orunlyk Onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, Tiz kömek merkezi, Saglyk öýi, şeýle hem ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň dürli görnüşleri bilen üpjün edilen Awtoulaglar kärhanasy bar.

Forumdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda adamyň saglygyny goramak we milli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda uly işler amala aşyryldy.

Şu günki şanly waka mynasybetli tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine ýadygärlik sowgatlary hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda saç söwdasynyň 'meşhurlygy' we tebigy saça islegler artýar
Lebabyň Onkologiýa hassahanasy talaba laýyk bejergi berip bilmeýär’
Saglygy goraýyş ulgamynyň binýady berkidilýär
Aşgabatda täze saglygy goraýyş desgalary gurlar
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
Daşoguz şäherinde iki sany täze hassahana ulanylmaga berildi
Türkmenistanyň hassahanalarynda näsaglardan ýörite geýim talap edilip başlandy