Arkadag şäheriniň öýleri Arkadagly ýaşlar programmasy arkaly dolandyrylýar

Arkadag şäheriniň öýleri Arkadagly ýaşlar programmasy arkaly dolandyrylýar

Arkadag şäherindäki öýlerde Arkadagly ýaşlar programmasy hyzmat edýär. Türkmenistan gazetiniň habar berşi ýaly, programma akylly öýe degişli buýruklary özbaşdak ýerine ýetirer ýaly taýýarlandy.

Lokal torda işleýän akylly öý ulgamy girizilen serwer ornaşdyryldy.Maşgala agzalary planşetiň üsti bilen telewizory işledende, serwer enjamymyz ýiti ýanyp duran yşygy köreldýär.Perdeleri ýapýar. Öý eýesine rahat ýagdaýy üpjün edýär.

Otaglaryň howasyny we çyglylygyny awtomatik görnüşde sazlaýar.Munuň üçin ýörite sensorda işleýän kondisionerler we çyglylyk berýän enjamlar bar.Otagdaky yşyklary ýiti, öçügsi diýen ýaly, dürli ýagtylyga-da getirmek mümkin.

Planşetde Otaglary arassala diýen buýrugy berseň, tozan sorujy robot enjamy bellenen ýerde öz işine başlaýar.Akylly öýlerde habar beriji (datçik) enjamlar oturdylan.Olaryň birinjisi hereketi duýýar we herekete görä yşyklary ýakyp-öçürýär.

Uzak wagtlap hereket bolmadyk ýagdaýynda degişli elektrik enjamlaryny öçürýär. Şeýlelik bilen, howpsuzlygy we energiýa tygşytlylygyny üpjün edýär.Habar berijileriň ikinjisi suw syzmasyny duýmaga niýetlenen.Ol suw syzanda, öý eýesine sesli habar berýär.

Planşete duýduryş ýazgysyny ugradýar.Ykjam telefonlara SMS habaryny ýollaýar we awtomatik ýagdaýda suw akymyny bekleýär.

Täze şäheriň birinji tapgyrynyň 29-njy iýunda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Otagçy ýetmezçiligi 'düzgün bozanlar' bilen doldurylýar, polisiýa 'gowy pul ýasaýar'
Gard we Sabiana kompaniýalarynyň Türkmenistandaky distribýutory fankoýllaryň we split ulgamlarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY