Arkadag şäheriniň teatrynda ilkinji sahna oýny görkezildi

3-nji iýulda Arkadag şäheriniň A.Gulmammedow adyndaky döwlet drama teatrynda Döwlet daragty atly ilkinji sahna oýny görkezildi. Edebi esasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowa degişli bolan sahna oýny Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti Aýnazar Batyrowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyryldy.

Drama eseri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet guşy, Älem içre at gezer, Ömrümiň manysynyň dowamaty ýaly eserlerinde beýan edilýän wakalara we maglumatlara esaslanýar. Sahna oýny bäş bölümden ybarat bolup, olaryň her birinde dürli taryhy döwrüň wakalary janlandyrylýar.

Sahna eseriniň Nesilbaşymyz Oguzhan atly birinji bölüminde Oguz hanyň gadymy Köpetdagyň sahawatly jülgesindäki Yzgant obasynda ogullaryna öý-ojak tutup, oguz kowmunyň dünýä ýaýramagy hem-de parasatly pederlerimiziň paýhasynyň dünýä ýaýylmagy baradaky ündew-pent berşi çeper suratlandyrylýar.

Binýat atly ikinji bölümde Beýik Seljuklar şadöwletiniň soltanlary Togrul begiň, Çagry begiň, Alp Arslanyň, şol sanda Mäne babanyň çeper keşpleri merdana pederlerimiziň Watan goragy üçin görkezen gahrymançylyklaryny giňden dabaralandyrýar.

Üçünji bölümde ahalteke bedewleriniň arassalygyny saklamakda nusgalyk işleri bitiren belli atşynas Aba seýisiň çeper keşbi, dördünji bölümde bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet guşy romanynda beýan edilýän taryhy wakalar, hususan-da, beýik Ýeňşiň hoş habary bilen bagly wakalar, Berdimuhamet aganyň, Mälikguly aganyň gahrymançylyklary baradaky wakalar janlandyrylýar.

Sahna oýnunyň jemleýji bölümi täze açylan teatra ady dakylan belli artist hem režissýor, Türkmenistanyň halk artisti Aman Gulmammedowyň döredijilik ýoluna bagyşlanýar. Onda belli artistiň döreden hem-de bir döwürde zähmet çeken kärdeşleriniň keşpleri janlandyrylýar.

Sahna oýnunda ýurdumyzyň ussat artistleri we teatr sungatyna ýaňy gadam basan ýaş artistleriň onlarçasy ussatlyk bilen keşp janlandyrdylar. Olaryň ýerine ýetiren sahna eseri tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Milli Liderimiziň beýik tutumlarynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
29.06.2019 | Milli Liderimiziň beýik tutumlarynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
Türkmenistanyň Mejlisi Arkadag şäherindäki edaralara görnükli şahsyýetleriň adyny dakmak barada täze karar kabul etdi