Arkadag Serdarly ajap Watanda bagtyýar ýaşlar atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Arkadag Serdarly ajap Watanda bagtyýar ýaşlar atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Arkadag Serdarly ajap Watanda bagtyýar ýaşlar ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi, ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, sagdyn, ruhubelent adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleriň amala aşyrylýandygyny bellediler.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň täze belent sepgitlerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.er Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmen-Azerbaýjan hökümetara toparynyň egindeş başlygy B.Atdaýew bilen bilelikde Agro-Pak Türkmenistan-2023 halkara sergisine gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi
3D printerleriň önümçiligi 30 esse artar
Fransiýanyň täze Premýer-ministri
Ispaniýada koronawirusa garşy göreşmek üçin akylly äýnek döredildi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Ulag we aragatnaşyk toplumy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry