Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby çapdan çykdy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew  müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby çapdan çykdy

Bilşimiz ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Gadymy Änewiň täsinligi, Taryhy birleşdirýän uly wakalar, Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar atly baplardan hem-de Rowaýata öwrülen geçmiş, Gatar Bagabat Änew, Gadymy Änew medeniýeti, Änewiň arheologik däpleriniň öwrenilişiniň taryhyndan, Änew medeniýeti we türki dünýä, Geçmişiň syry galan toprak, Watan hakyndaky müdimi owaz atly bölümlerden ybarat bolan bu kitaby Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda mähriban halkymyz üçin ajaýyp sowgatdyr.

Änew şäheri diňe bir türkmen taryhynyň şöhratly geçmişi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, külli türki älem üçin-de aýratyn ähmiýete eýedir. Şu jähetden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitabyny halkymyza sowgat bermegi bagtyýar halkymyz üçin çuňňur buýsanjyň gözbaşy bolup, biziň ählimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýene degişli makalalar

Awaza ajaýyp deňiz merjeni
Prezident Berdimuhamedow duýdansyz iş sapary bilen Ak bugdaý etrabynda boldy
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen gutlady
Türkmenistanda tomus möwsümi üçin şypahanalara awtobus we täze içerki howa gatnawlary ýola goýuldy
Diýarymyz sagdynlygyň, ruhubelentligiň mekany
Bagabat şypahanasy gyşda rahat dynç alşy we saglygy hödürleýär