Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy

Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, medeni çäre Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.

Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, fotohabarçylar, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlar gatnaşdylar

Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwala gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň kino işgärleri, şeýle-de beýleki daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistana geldiler.

Teatra tarap uzalyp gidýän gyzyl ýoda boýunça kino ýyldyzlary, artistler, režissýorlar we prodýuserler ýöräp geçdiler.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň Çapar, Gyzyl kürte, Wada, Daragt, Ýaşlar, Kämillige ýol, Istärin atly filmleriniň döredijilik toparlarynyň agzalaryny şowhunly garşyladylar.

Halkara kinofestiwala gatnaşýan Türkiýäniň, Fransiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň döredijilik toparlary gyzyl ýodadan geçdiler. Şolaryň hatarynda Özbegistanyň Kinematografiýa baradaky milli agentliginiň režissýory Dilşodbek Usmanow, Russia Today teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýse, şeýle-de film tankytçysy Ihsan Nurullah Kabir, Bozdag kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, kino ýyldyzlary Burak Özçiwit, Özjan Çagri Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Gonjukçu, Fransiýa Respublikasynyň Mondet media kompaniýasynyň artisti Eduard Montut hem-de prodýuseri Žan Maria Laronsewa we beýlekiler hem bar.

Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly uly şatlyk-şowhun bilen açyk diýlip yglan edildi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Açylyş dabarasy Türkmenistanyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň taýýarlan Oguz han atly edebi-sazly çykyşy bilen dowam etdi.

Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran taryhy şahsyýetleriň keşpleri janlandyryldy.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada taýýarlanan wideofilmiň görkezilmegi çäräniň döredijilik ruhuny has-da belende göterdi.

Soňra Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşigi tarapyndan öň surata düşürilen filmlerden hem-de Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwala gatnaşýan daşary ýurtlaryň filmlerinden sazlar ýerine ýetirildi.

Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň kubogy sahna getirilenden soňra, çärä gatnaşyjy ýurtlaryň filmleri tanyşdyryldy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň kinematografiýaçylary sahna çykyp, kinofestiwala getiren filmleri barada gürrüň berdiler.

Türkiýeden gelen Bozdag kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy, režissýor Mehmet Bozdag we meşhur türk aktýory Burak Özçiwit we beýlekiler hem çykyş etdiler.

Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalyň birinji güni Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Kino sungatynyň baýramy
Türkmen filmi halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýeledi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mehmet Fatih Kajyr: "Türkiyäni önümçilik merkezine öwürdik" diýdi