Arzuw haly dükany kesme we taýýar halyçalary alyjylara ýetirýär

Arzuw haly dükany kesme we taýýar halyçalary alyjylara ýetirýär

Alyjylar köpçüligini döwrebap haly önümleri bilen üpjün edýän Arzuw haly dükanlar tory türkmenistanlylara halyçalaryň bitewi hem-de kesme görnüşlerini hödürleýär.

Arzuw haly dükanynyň bu önümleri reňkleriniň sazlaşygy we gölleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Alyjy dükandan öz öýüniň stiline laýyk gelýän halyçany ýeňillik bilen tapyp biler.

Halyçalar inligi inçe bolan dälizlere ýazmak üçin, girelge, basgançaklar, şeýle-de adaty halylary ýerleşdirip bolmaýan gysga ýerler üçin iň oýlanyşykly çözgütdir.

Halylary Arzuw haly dükanyndan almagyň ýerlikli tarapy bu ýerde halynyň ýa halyçanyň müşderiniň islegine görä ululykda kesilip berilmegi bilen, onuň gyralarynyň-da adaty halynyňky ýaly derejede owerlok edilmegidir. Bu bolsa edil siziň halyny ýazjak ýeriňize laýyk gelip, tertipli ýerleşer.

Kesme halyçalardan başga-da, Arzuw haly dükanyndan myhman otag üçin, ýatylýan hem-de çagalaryň otagy üçin niýetlenen halylary, namazlyklary hem-de beýleki haly önümlerini tapmak bolýar.

Habarlaşmak üçin dükanyň salgylary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda taýýar işewürligi döretmek boýunça hyzmatlar
Aşgabatda ýeňillikli bahadan satuwa çykarylan towugyň dörtden bir bölegini buz emele getirýär
Aşgabatda durky täzelenilen “Ak ýol” şäher bazary açyldy
Halk Market ajaýyp sowgatlyklary taýýarlamak üçin ýörite Täze ýyl dükanyny açdy
Gymmada satylan kartina
Türkmenistanyň ähli sebitlerinde Täze ýyl söwda nokatlary işleýär
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti