Arzuwlar hasyl bolýar: Täze ýylda dogry arzuw etmegiň düzgünleri

Arzuwlar hasyl bolýar: Täze ýylda dogry arzuw etmegiň düzgünleri

Adamlar arzuw etmegi, esasan hem Täze ýyl gijesi arzuw etmegi gowy görýärler. RG.ru internet portaly dogry arzuw etmek barada astrolog Ýelena Ştoluň maslahatlaryny hödürleýär.

Hünärmeniň pikirine görä, arzuw etmegiň bäş düzgüni bar:

Birinjisi diňe gowy zatlary arzuw etmeli.

Ikinjisi arzuwlar başgalary üçin peýdaly bolmaly. Meselem, erkek adam maliýe taýdan gurplulyk hakynda arzuw edýär. Şonda has ýokary aýlyk hakynyň maşgala nähili peýda getirjekdigi barada pikir etmek zerurdyr. Ýagny arzuw emele getirilende girdejini çagalaryň goşmaça okuwlaryna we ş.m. gönükdirmek barada aýdylmagy zerurdyr.

Üçünji arzuwy beýan etmek ýa-da göz öňünde janlandyrmak has peýdalydyr. Meselem, eger syýahat etmek barada arzuw edýän bolsaňyz, arçadan gitmek isleýän ýurduňyzyň nyşanyny asyň.

Dördünji arzuwlaryňyzy hasyl etmek üçin hereket etmäge taýyn bolmak. Eger siziň arzuw edýän ugruňyz boýunça tejribäňiz ýa-da bilimiňiz ýok bolsa, beýle arzuwyň hasyl boljakdygyna känbir ynam ýokdur. Emma maksada ýetmek üçin okuwlara gatnasaňyz, onda arzuwyň hasyl bolmak mümkinçiligi artar.

Bäşinji arzuw akylyňy we ruhuňy ösdürmäge gönükdirilmelidir.

Şeýle hem arzuw beýan edilende -syz goşulmasyny ulanmazlyk maslahat berilýär.

Täze ýyl jadyly baýramçylyk, arzuwlaryň hasyl boljakdygyna ynamyňyzy ýitirmäň.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Pakistandaky suw joşmalary zerarly 1000-den gowrak adam aradan çykdy
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky gurluşyklar bilen tanyşdy
BILDIRIŞ!
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi