Asad bilen Ysraýylyň arasyndaky hyzmatdaşlyk resmileşdirildi

Asad bilen Ysraýylyň arasyndaky hyzmatdaşlyk resmileşdirildi

Taraplaryň arasynda gizlin aragatnaşyk kanalynyň bardygyny subut edýän resminamalar Asadyň maşgalasynyň häkimiýetiniň agdarylmagyndan soň ýüze çykaryldy.

"Örän gizlin" hökmünde häsiýetlendirilen resminamalar, Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde neşir edilýän hepdelik "El-Mejelle" žurnaly tarapyndan çap edildi.

Ysraýyl bilen Siriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mehanizmini ýüze çykaran resminamalarda "Musa" adyny göterýän ysraýylly içalynyň Siriýanyň harby ýolbaşçylaryna iberen habarlary bar we bu habarlaryň Siriýanyň razwedka gullugynyň başlygy tarapyndan Milli howpsuzlyk ofisine iberilendigi aýdylýar.

Resminamalarda ýüze çykarylan iň täsir galdyryjy nokat "Russiýanyň howandarlygynda Siriýanyň goşuny bilen Ysraýylyň arasynda habarlaşma mehanizminiň" bolmagydyr.

Resminamalar Asadyň özüni Ysraýyla garşy "garşylyk görkeziji lider" hökmünde görkezmegine garamazdan, Ysraýyl bilen gizlin hyzmatdaşlykda bolup biljekdigini öňe sürýär.

Ýene degişli makalalar

Garaşsyzlykdan edilen tamalar çykmady - ýaşaýjylar
ÝB Siriýa Goýan Sanksiýalaryny Gowşadar
BMG: Siriýanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin ýarym asyrdan gowrak wagt gerek bolar
Ahmed Şara Siriýanyň Wagtlaýyn Prezidenti Boldy
Türkiýäniň Halapdaky Başkonsullugy 13 Ýyl Soň Gaýtadan Açyldy
Terror Guramasy PKK/ÝPG Ysraýyldan Kömek Sorady