Aşgabadyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär

Aşgabadyň bankomatlarynda nagt ýetmezçiligi ýitileşýär

Balkan welaýatynyň bankomatlarynda emele gelen nagt pul ýetmezçiliginiň yz ýany, bu mesele paýtagt Aşgabatda hem ýitileşýär. Raýatlar bank kartlaryndaky pensiýa we aýlyk haklaryny, şeýle-de döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 11-nji dekabrda paýtagtdan maglumat berdi.

“Paýtagtyň dürli künjegindäki bankomatlaryň öňünde onlarça adamyň nobata durandygyny görse bolýar. Köp bankomatda nagt ýetmezçilik edýär. Adamlar haýsy bankomatda pul bar bolsa, şoňa baryp, kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmaga çalyşýarlar. Ilat pul nagtlaşdyrmakda uly kynçylyk çekýär” diýip, ýerli ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Bankomatlarda nagt ýetmezçiligi şu aýyň ilkinji günlerinde, ilatyň pensiýa we aýlyk haklarynyň, şeýle-de kömek pullarynyň bank kartlaryna geçirilip başlanmagy bilen emele gelip başlady.

“Ilat kartlaryndaky puly tizden-tiz nagtlaşdyrmaga çalyşýar. Ýöne bankomatlarda ýeterlik nagt tapdyrmaýar. Olar Bitaraplyk we Täze ýyl baýramlarynyň öňüsyrasynda, dükanlarda arzanlaşykda goýlan azyk harytlaryny satyn almaga ýykgyn edýärler. Ertirki güne ynamy bolmadyk ilat harytlaryň has-da gymmatlamagyndan we bankomatlarda puluň düýbünden tapdyrmazlygyndan aladalanýar” diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanda raýatlar bank kartlaryndaky pullary diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp bilýärler ýa-da ondaky serişdeden diňe nagt däl söwdada peýdalanyp bilýärler.

Ýöne ýurduň söwda nokatlarynyň diňe käbirinde töleg terminallary esasynda söwda edip bolýar. Köp söwda nokadynda töleg terminallary öçürilip, tölegler diňe nagt kabul edilýär.

Paýtagtyň häkimiýetleri bankomatlarda nagt pul ýeter-ýetmezçiligi we onuň sebäpleri barada ilata aç-açan düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň bu barada ýerli maliýe edaralaryndan kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Soňky sekiz ýyl bäri Türkmenistan zähmet we pensiýa haklaryny, döwlet kömek pullaryny raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Häkimiýetler munuň sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen amal edilýändigini aýdýarlar.

Galyberse-de, häkimiýetler ýurduň bank ulgamynyň kämilleşdirilýändigini we oňa sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny hem tekrarlaýarlar. Olar munuň ýurduň “maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizliginiň artmagyna” getirýändigini belleýärler.

Muňa garamazdan, ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat bankomatlarda nagt ýetmezçiligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Raýatlaryň bank kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrak bilen bagly nobatdaky kynçylyklary Bitaraplyk gününiň, hususan-da, ilat tarapyndan giňden bellenilýän Täze ýyl baýramynyň öň ýanyna gabat geldi.

Geçen hepdäniň ortasynda Balkandan maglumat beren habarçymyz sebitiň bankomatlarynda emele gelen nagt ýetmezçiligini öňki prezidentiň döwründäki “maliýe krizisine” meňzetdi.

Şonda “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň ýerli edarasynyň bir işgäri bankomatlardaky nagt ýetmezçiliginiň döwlet harmanyna pagta hasylyny tabşyran daýhanlar bilen hasaplaşyklaryň geçirilendigi bilen baglanyşyklydygyny aýdypdy.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýär
Türkmenbaşyda töleg terminallary tapgyr altynjy gün işlemeýär
Berdimuhamedow Türkmenbaşa baranynda dükanlarda we bankomatlarda nobatlar gadagan edildi
Maryda pagta ýagy diňe nagt pula satyldy
Gara bazarda dollar aşaklaýar, ýöne gymmat bahalar saklanýar
Çagalary goramagyň halkara güni üçin çagalar jokrama yssyda bir köpçülik çäresine gatnaşdyryldy