Aşgabadyň bazarlaryndaky satyjylary azyk bahalaryny arzanlatmaga mejbur edýärler

Aşgabadyň bazalaryndaky satyjylary, ozalkylary ýaly, azyk önümlerini kesgitlenen bahadan, arzan satmaga mejbur etmegi dowam etdirýärler. Emma polisiýa we emeldarlar tarapyndan edilýän gözegçilik Täze ýyl baýramçylyklarynyň öňüsyrasyndaky ýaly berk däl diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Daşoguz bazarynda kesgitlenen baha ýazylan ýarlyklar hatda hususy söwdagarleriň dükanlaryndaky tekjelerde hem asylgy dur. Emma satyjylar, gözegçiligiň gowşadylmagyndan peýdalanyp, harytlary ýarlykda görkezileninden bir manat gymmat bahadan satýarlar. Mysal üçin, mandariniň kilogramyny ýazgyda görkezilen 6 manat bahasyna derek 7 manatdan satýarlar, apeslini 8, armydy we kiwini 9 manatdan satýarlar. Banan 6 manatdan çalt alynýar.

Emma etiň ýagdaýy başga. Görkezilýän 18 manat bahasyndan satyjylar diňe süňkleri we biraz et çekip berýärler. Bir kilogram jylka etiň bahasy eýýäm 30 manat bahalanýar.

Paýtagtyň bazarlarynda satjylary harytlaryny arzan bahadan satmaga mejbur edişleri hakynda “Azatlyk” radiosy hem habar berdi.

Radionyň maglumatyna görä, bazarlarda möhürli bildirişler peýda boldy we olarda häzir bahasy 3-5 manada çykan çöregiň bahasynyň 1 manat bolmalydygy aýdylýar.Emeldarlar satyjylara düzgüni bozup, bahalary gymmatladanlara 400 manada çenli jerime salynjagyny duýdurdylar.

Bu çörek satylýan nokatlaryň ýaryna golaýynyň ýapylmagyna alyp geldi.Sebäbi adamlara ol bahadan çörek satmak amatly bolmady.

Unuň we çöregiň gytçylygy regionlarda hem dowam edýär diýip, TAH habar berýär. Döwlet dükanlaryna geçen ýylyň aýagyndaka garanda has köp un geitirp başlandyklaryna garamazdan, söwda nokatlarynyň agzyndaky nobatlar azalmaýar.

Mundan başga, TH-nyň habarçylarynyň maglumatyna görä, Aşgabatdaky döwlet dükanlary ýanwar aýynyň aýagyndan bäri “Ahal” atly ösümlik ýagyny satmagy bes etdiler. Ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň şeýdip, paýtagtyň döwlet dükanlarynda ýag satylýan wagty emele gelýän uzyn nobatlardan dynjak bolýandyklaryny aýdýarlar. Emeldarlaryň pikiriçe, bu nobatlar gülläp ösýän döwletiň daşary ýurtlularyň öňündäki abraýyny gaçyrýar diýip, ýaýaýjylar aýdýar.

“Ahal” ýagyny indi diňe welaýtlarda we Aşgabadyň eteklerinde satýarlar. Mysal üçin, Bagyr, Köşi, Gökje obalarynda. ýagyň litrini 3,4 manada derek, gapdaly bilen geçmeýän harytlary berip, 5 manatdan satýarlar. Hatda şeýle ýagdaýda hem adam başyna iki çüýşeden artyk berilmeýän ýag üçin nobatlar döreýär. Ýag satlygy ir sagat 7-den başlanýar, satyjylar bir sagatdan harydyň gutarandygyny aýdýarlar.

Döwlet dükanlarynyň öňündäki nobatlar utgaşdyrylan bahadan satylýan harytlardan diňe özüne geregini aljak alyjylaryň däl, eýsem olaryň arkasyndan biraz gazanç etmek isleýän adamlaryň hasabyna-da ulalýar. Adamlar döwlet dükanlaryndan satyn alan ýaglaryny hususy söwdagärlere 7-8 manatdan satýarlar, öz gezeginde olar bu harydy 10 manatdan satýar.

Ýene degişli makalalar

Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar
Aşgabadyň dükanlary ýumurtga söwdasyna birden başlaýarlar, banany çüýrük üzüm bilen goşup satýarlar
Aşgabadyň bazarlarynda adaty bolmadyk miwe bolçulygy döredi, Maryda töwuk budunyň uly nobatlary
Aşgabatda ýag, ýumurtga we şeker iň geçginli haryt bolmagynda galýar
Awtomatlaşdyrylan täsin enjamlar
Paýtagtyň ýaşaýjylary azyk harytlaryň gymmatçylygyndan şikaýat edýär