Aşgabadyň çagalar baglarynda tagtabiti ýok etmek üçin ene-atalardan pul ýygnalýar

Aşgabadyň çagalar baglarynda tagtabiti ýok etmek üçin ene-atalardan pul ýygnalýar

Tagtabit Türkmenistanyň paýtagtynda, şol sanda döwlet edaralarynda ýaýramagyny dowam etdirýär. Bu ýagdaý bizar ediji bu mör-möjekleri ýok etmek üçin zerur çäreleri görmäge mejbur edýär. Hususan-da, paýtagtyň çagalar baglarynda dezinfeksiýa çäreleri geçirýärler we ene-atalardan bu çäreleri maliýeleşdirmek üçin pul ýygnaýarlar.

Ganhor mör-möjekler indi okuw jaýlarynda we mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar üçin edaralarda duş gelýär. Tagtabitiň ýaýramagy sebäpli, dezinfeksiýa zerurlyk döreýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary munuň özlerine dürli kynçylyklary we maliýe çykdajylaryny döredýändigini aýdýarlar.

"Tagtabitiň çozmagy ilat üçin bir tebigy betbagtçylyga öwrüldi. Mör-möjeklerden ýaňa rahatlyk ýok. Olaryň dişlemeginiň azaryndan we saglyga zyýan bermek töwekgelçiliginden başga-da, mör-möjeklere garşy göreşmek ilat üçin dürli kynçylyklary we çykdajylary döredýär" - diýip, anonimlik şertinde gürleşen Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

Hususan-da, çagalar baglarynda mör-möjeklerden dynmak üçin, dezinfeksiýa çäreleri geçirilýär we munuň üçin ene-atalardan pul ýygnalýar.

Paýtagtdaky çagalar baglaryna gatnaýan çagalaryň ene-atalary puluň nagt görnüşde ýygnalýandygyny aýdyp, bu serişdeleriň nähili sarp edilýändiginiň özlerinde sorag döredýändigini belleýärler. Şeýle hem ene-atalar dezinfeksiýa çäreleriniň çagalaryň saglygyna howp salýandygyny, dezinfeksiýanyň guramaçylygynyň özlerine dürli oňaýsyzlyklary döredýändigini aýdyp, nägile bolýarlar.

"Çagalar baglarynda zäherli önümleri otaglarda, ýerzeminlerde we ammarlarda ulanandan soň, dezinfeksiýanyň geçirilendigi barada ene-atalara habar berilýär.Ene-atalara jaň edip, ulanylan önümleriň zäherlidigini we çagalaryň ýapyk otaglarda galmagynyň zyýanlydygyny düşündirip, çagalaryny öýlerine äkitmeklerini haýyş edýärler.

Ene-atalar işden gyssagly rugsat almaga ýa-da perzentlerini çagalar bagyndan alyp gaýtmak üçin ýol gözlemäge mejbur bolýarlar", - diýip, aşgbatly söhbetdeşlerimiziň ýene biri gürrüň berdi.

Şeýle-de, ene-atalar çagalar baglaryndaky dezinfeksiýanyň maliýe çykdajylarynyň özlerinden talap edilmegine nägile bolýarlar. Käbir ene-atalar muny "talaňçylyk" diýip atlandyrýarlar we muny guramalaşdyrýan işgärler üçin girdeji gazanmagyň ýene bir usuly diýip hasaplaýarlar.

"Käbir resmiler bu işden hem girdeji görjek bolýarlar. Aşgabatda arassaçylyk işleri bilen meşgullanýan edaralar we dezinfeksiýa çärelerini guramak bilen meşgullanýan işgärler üçin altyn döwür geldi" - diýip, Azatlyk bir gürleşen paýtagt ýaşaýjysy aýtdy.

Azatlyk Radiosy biz bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň çagalarynyň gatnaýan çagalar baglarynyň wekillerinden maglumat almaga synanyşdy, ýöne bu edaralaryň wekilleri bilen habarlaşyp bolmady.

Tagtabit Türkmenistanda tomsuň başynda ýaýrap başlady. Gansorujy mör-möjek barha köpeldi. Tagtabitiň dişlemegi zerarly hassahana düşenler-de boldy.

Häzirki wagtda tagtabiti ýok etmek hyzmatyny hödürleýän bildirişler paýtagtyň hemme ýerinde, ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde, döwlet edaralarynda we dürli jemgyýetçilik ýerlerinde duş gelýär. Tagtabitiň we beýleki mör-möjekleriň suratlary, olary ýok etmek işlerini geçirýän hyzmatlaryň telefon belgileri görkezilýän reňkli bildirişler mekdepleriň we çagalar baglarynyň girelgelerinde ýerleşdirilýär.

Bu aralykda, sanitariýa we epidemiologiki gözegçiligine jogapkär wekiller we paýtagt resmileri mör-möjekleriň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýy düşündirmeýärler, meseläniň bardygyny hut boýun hem almaýarlar.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň belleýşi ýaly, tagtabit, büre we beýleki mör-möjekler şäherde hemişe bardy, ýöne häzirki wagtda olar esli köpelipdir. Tomsuň başynda mälim bolan ýagdaýlaryň birnäçesinde olar ulanylan öý goşlar, şeýle-de täze mebeller satyn alnandan soň döräpdi.

Soňra paýtagtyň myhmanhanalarynda we lukmançylyk edaralarynda tagtabitiň ýaýramagy barada habarlar peýda boldy. Keselhanalarda umumy arassaçylyk şertleriniň ýaramazlygy bilen birlikde tagtabitleriň bolmagy näsaglara goşmaça azar berýär.

Tagtabitiň köpelmegi bilen baglanyşykly wakalar soňky aýlarda beýleki ýurtlarda-da ýüze çykdy. Goňşy Gazagystanda, şeýle hem Ýewropanyň käbir ýurtlarynda, şol sanda Fransiýada we Britaniýada tagtabitiň ýaýramagy barada habar berildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gyzamyk keseli ýaýraýar
Paýtagtda we Balkanda dem alyş keselleri ýene ýaýraýar
Medisina hyzmatlary üçin töläp bilmeýän raýatlardan gan tabşyryp, hasaplaşmak soralýar
Keselhanalardaky mugt derman gytçylygy we häkimiýetleriň peýdasy'
Keselhanalardaky mugt derman gytçylygy we häkimiýetleriň peýdasy'
Stambulda jemgyýetçilik guramalary türkmen migrantlarynyň meselelerini çözmäge çagyrdy