Aşgabadyň eteklerindäki üzüm baglaryny kottejler üçin kesdiler, onlarça maşgala işsiz galdy

Aşgabadyň eteklerindäki üzüm baglaryny kottejler üçin kesdiler, onlarça maşgala işsiz galdy

Aşgabadyň gündogarynda, Aşgabat-Änew garaýolunda, ýoluň Gämi obasyna aýrylýan ýerinde Ahal welaýatynyň häkimiýetleri üzüm baglaryny kesdiler.

Ol ýerde üzümçilik bilen meşgullanýan onlarça maşgala aýlyksyz we komensasiýasyz galdy.Bu barada obanyň ýaşaýjylary “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna gürrüň berdiler.

Üzüm baglarynyň ýerinde kottejleriň gurluşygyna başladylar. Mesele barada gürrüň berenleriň sözlerine görä, şol kottejleri prezidentiň hossarlarynyň şirketleri gurýarlar.

Adamlar gurluşyklaryň ýerli ilatyň bähbidi göz öňünde tutulman, şol şirketlere berilýändiginden närza. Oba ýerlerinde iş tapmak mümkin däl diýen ýaly. Häkimiýetler bolsa, alternatiw iş ýerlerini teklip edip bilmeýärler.

Bellemeli zat, paýtagtda we onuň eteklerinde jaý ýetmezçiligi bar.Ýöne,bu ilat sanynyň artýandygy bilen däl-de, paýtagtyň merkezindäki hususy ýaşaýyş jaýlaryň we sowet döwründe gurlan öýleriň köpçüliklleýin weýran edilmegi bilen ilteşikli.

Öýlerinden çykarylanlara başga jaýyň beriljekdigi wada edilýär. Emma, adamlar birnäçe aýlap öz garyndaşlarynyň öýlerinde ýa-da kireýine ýaşamaly.

Mundan başga-da,býurokratik päsgelçilikler we onuň bilen bagly meseleler şol sanda,parahorlyk netijesinde ýaşaýjylaryň köpüsiniň öýleri ýalňyş düzülipdir. Bu bolsa, olary ýykylan jaýlarynyň ýerine başgasyny alyp bilmek hukugyndan mahrum edýär.

Weýran edilen üzüm baglarynyň ýerinde sosial,bahasy boýunça elýeterli jaýlar däl-de, kaşaň kottejler gurulýar. Şol sebäpli, ol ýerlerdäki gurluşyklar öýsüz galanlaryň meselesini çözmeýär.

Şeýle kottejleri diňe barly adamlar telekeçiler we emeldarlar satyn alyp bilýärler.Şol bir wagtda, olar köplenç sermaýa maksady bilen kottejleri satyn alýarlar. Muňa olary manadyň bahasynyň durnuksyz bolmagy iterýär.

Mysal üçin, prezident 24-nji martda IIM-niň wekilleri üçin ikinji kottej toplumynyň açylyşyna gatnaşypdy.

“TH-niň” çeşmeleriniň maglumatyna görä, şol toplumdan kottej alan käbir ýokary derejeli polisiýa emeldarlarynyň eýýäm, 5-7 sany jaýy we kwartirasy bar.Şol sebäpli, azyndan 3 sany emeldara özüne paýlanan kottejden boýun gaçyrmak maslahat berildi.The post Aşgabadyň eteklerindäki üzüm baglaryny kottejler üçin kesdiler, onlarça maşgala işsiz galdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda döredilen “azyk bolçulygy we arzançylygy” aradan aýryldy
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý...
Döwlet Baştutanymyz nobatdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Türkiýäniň Üzüm eksporty 36 Göterim Artdy
Türkmenistanda bugdaý ekişine badalga berildi