Aşgabadyň haýwanat bagyndaky jandarlaryň ýagdaýy gözgyny

Aşgabadyň haýwanat bagyndaky jandarlaryň ýagdaýy gözgyny

Türkmen paýtagtynyň haýwanat bagynda janly-jandarlaryň erbet şertlerde saklanýandygyny, olaryň hordygyny we ugruna kadaly seredilmeýändigini tebigaty goraýan ýerli aktiwistler habar berýärler. Azatlygyň habarçysy paýtagtyň daşynda Köpetdagyň golaýynda ýerleşýän "Milli ýabany tebigat muzeýi" diýlip atlandyrylýan haýwanat bagyna baryp gördüler.

Azatlygyň habarçysy haýwanat bagynda haýwanlaryň saklanýan häzirki şertlerini elhenç diýip häsiýetlendirdi we olara häkimiýetler tarapyndan ýeterlik üns berilmeýändigini belledi: "Men kolbasa böleklerini ýanym bilen getirdim we ýolbarsa zyňdym. Ýolbars dessine olary açgözlik bilen iýdi, janawere gaty rehimim geldi".

Haýwanlary goraýjy aktiwistler haýwanat bagyndaky problemalaryň köpden bäri dowam edýändigini aýdyp, häkimiýetleri hereketsizlikde aýyplaýarlar we aýgytly çäreleriň ýoklugynyň esasy sebäplerini korrupsiýada görýärler.

"Korrupsiýa birinji ýerde durýar. Haýwanlar ideg ýetmezçiliginden, iýmitlenmezlikden we saklanýan şertleriniň erbetliginden ejir çekýärler. Olaryň doly ýatdan çykarylyp, asla ideg edilmeýän halatlary hem bolýar. Şeýle-de bolsa, ýerli häkimiýetler zerur çäreleri görmek islemeýärler. Haýwanat bagy öwreniş we güýmenje mekany däl-de, ejirli bir ýere öwrüldi" diýip, aşgabatly haýwanlary goraýjy aýdýar.

Azatlyk bilen anonim gürleşen aktiwist haýwanlara ideg edilmezligiň sebäbi haýwanat bagynyň maliýe üpjünçiliginiň gowşaklygy bilen däl-de, puluň maksada laýyk sowulmazlygy bilen bagly diýýär.

"Goragsyz haýwanlaryň ugruna seretmegiň ýerine, ellerindäki mümkinçilikleri öz bähbitleri üçin ulanmagy makul bilýärler" diýip aşgabatly aktiwist aýdýar.

Haýwanlaryň ýagdaýyna üns berilmegi ugrunda tagalla edýän ýene bir aşgabatly döwlet haýwanat bagyny maliýeleşdirmäge serişdesi bolmasa, muny boýun alyp, haýwanlary halas etmek üçin başga bir çäre görmeli diýip, hasap edýär.

"Ýurtda ýiti ykdysady krizis. Hökümet adamlaryň meselesini çözmäge ukypsyz. Beýle ýagdaýda haýwanlary saklandan, olary getirlen ýurtlaryna, ýabany tebigata goýberseler ýa-da başga ýurdyň haýwanat baglaryna geçirseler gowy bolar" diýip, aşgabatly ýaşaýjy haýwanat bagyna eden gezelenji barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy "Milli ýabany tebigat muzeýiniň" wekillerinden resmi maglumat alyp bilmedi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtdan 30 kilometr uzaklykda Gökdere etrabynda ýerleşýän Milli ýabany tebigat muzeýi, ýagny Aşgabadyň haýwanat bagyna barmagyň indi kynlaşandygyny, munuň üçin ýörite rugsadyň alynmalydygyny aýdýarlar.

"Janly tebigatyň muzeýiniň ýerleşýän ýeriniň Arkadag şäheriniň çägine goşulandygy sebäpli bu çäkde bolmak üçin ýörite rugsatnama soralyp başlandy.Häzir Pöwrize we Jülge (Uşelýe) tarap çatrygyň golaýynda gözegçilik nokady goýlupdyr we Arkadag şäher tarapyna ýekeje ulag goýberilmeýär.

Rugsat berilse Tebigatyň janly muzeýine pyýada barsa bolardy, ýöne gözegçilik postundan diňe pyýada geçmek üçin 200 manat para soraýarlar" diýip, ýene bir habarçymyz aýdýar.

Aşgabadyň haýwanat bagy barada türkmen metbugatynda soňky ýyllarda çap edilen maglumatlarda, onuň myhmanlary gyzykly we peýdaly wagt geçirmäge çagyrýandygy habar berildi.

40 gektara golaý giň meýdanda ýerleşýän haýwanat bagynda Gyzyl kitapda görkezilenleri goşmak bilen 250-den gowrak haýwanyň bardygy, giňişligiň guşlary, ýyrtyjylary we beýlekileri öz içine alýan 5 sany esasy sergi zolagyna bölünýändigi aýdylýar.

Ozalky ýyllarda haýwanat bagynyň ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ýapylyp, 2022-nji ýylyň aprel aýynda gaýtadan açylandygyny türkmen metbugaty habar beripdi.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtdan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän haýwanat bagynda barmagyň indi kynlaşanygyny, munuň üçin ýörite rugsadyň alynmalydygyny aýdýarlar.

Aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwistler haýwanat bagyndaky şertleriň erbetdigine ençeme wagt bäri ünsi çekip gelýärler.

Fewral aýynda Janly tebigatyň milli muzeýine baryp gaýdan habarçymyz haýwanlaryň halynyň alada döredýändigi, olaryň ýaramaz şertlerde saklanýandygy maglumat beripdi. Ol haýwanlar üçin gurlan gözenekleriniň diňe käbirinde birlän-ikilän tukat haýwanlary görse bolýandygyny, galanlaryň boş durandygyny. Haýwanlaryň sanynyň juda azdygyny, hususan-da, diri pyşdyllaryň arasynda ölen pyşdyllaryň gatap galan jesetleriniň köpdügini, emma wagtynda ýygnalyp alynmandygyny gürrüň beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Italiýada sirkden gaçan ýolbars birnäçe sagat şäherde aýlandy
Milli we halkara bilermenleri öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar
Haýwanat baglarynyň ähmiýeti
Haýwanat baglarynyň ähmiýeti
Owadan towşanjyklar