Aşgabadyň “Owadan” merkezinde ýangyn döredi

Aşgabadyň “Owadan” merkezinde ýangyn döredi

Aşgabatda ilat arasynda “Owadan” ady bilen tanalýan hyzmat merkeziniň binasynda güýçli ýangyn döredi. Ýangynyň netijesinde binada ýerleşýän toý salony doly weýran boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji ýanwarda paýtagtdan maglumat berdiler.

“Ýangyn ýanwaryň 11-den 12-ne geçilen gije döredi. Ýangyna garşy göreş gullugy gelýänçä we ýangyn doly söndürilýänçä, gije sagat 3 boldy” diýip, wakadan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Gülistan’ bazarynyň golaýynda ýerleşen, soňky birnäçe ýyllykda köne binasy ýykylyp, täzeden gurlan Owadan’ hyzmat merkezinde durmuş toýuny gurnajak ýaşlar üçin gözellik hyzmatlary hödürlenip, toý lybaslary satylýardy we kireýine berilýärdi.

“Ýangynyň ýary gije dörändigi sebäpli wakada adam pidasynyň, ölen ýa-da ýaralanan raýatlaryň ýokdugy aýdylýar” diýip, habarçymyz belledi.

Ýangyna nämäniň sebäp bolandygy barada häkimiýetler tarapyndan ilat köpçüligine düşündiriş ýa maglumat berilmeýär.

Ýöne wakadan habarly aşgabatly telekeçileriň birnäçesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda ýangyna “binadaky elektrik geçirijiniň gysga çakyşmagynyň” sebäp bolandygyny aýdýar.

“Häzir ýangyna garşy göreş gullugy ýangyna sebäp bolan bölegi resmileşdirip, binanyň ýangyna garşy jogapkär işgärini, ýagny administratoryny soraga çekip başlady” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly telekeçi belledi.

Azatlygyň bu barada paýtagtyň ýangyna garşy göreş gullugyndan we Polisiýa müdirliginden telefon arkaly kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

12-nji ýanwarda irden wakanyň bolan ýeriniň golaýyndan ýöräp geçen aşgabatlylar polisiýanyň ýol gözegçiligiň gullugynyň binanyň töweregindäki köçeleri ýapyp, ulaglaryň we pyýadalaryň geçmeginiň öňüni alandygyny aýdýarlar.

“Merkeziň daşynda ýangyna garşy göreş gullugynyň dört sany ulagy 12-nji ýanwarda irden hem şol ýerde durdy” diýip, şaýat anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýangyn söndürijiler ýangynyň daşaryk ýaýramagynyň öňüni alan bolsalar-da, binanyň içi, hususan-da, durmuş toýuny gurnaýan ýaşlara toý hyzmatlaryny hödürleýän toý salony doly ýandy.

“Salonuň içinde maddy emläkden abat galan zat ýok.Durmuşa çykýan gelin üçin niýetlenen keteni we ak köýnekleriň ýüzlerçe görnüşi ýandy, ýüz müňlerçe manat bahasy bolan matalaryň dürli görnüşi küle öwrüldi.

Binanyň içinde durmuş toýuny gurnaýan ýigide we geline timar bermäge niýetlenen, şol sanda dellekhana, manikýur, pedikýur hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ähli gurallar we himiki serişdeler hem doly kül-peýekun boldy.

Maddy we material zyýanyň möçberi millionlarça manatdan geçdi” diýip, telekeçi belledi.

Onuň tassyklamagyna görä, binanyň içiniň durkuny täzeden dikeltmek, şol sanda abatlaýyş işlerini geçirip, täze mebelleri, gurallary we himiki serişdeleri satyn almak üçin-de millionlarça manat möçberinde maddy serişde harçlanmaly bolar.

“Häzir binanyň daşy, ak mermerden örtülen bölekleri, äpişgeleri we gapylary ýangynyň ýetiren netijelerinden, şol sanda gara tüsseden ýuwlup, arassalandy” diýip, habarçymyz aýtdy.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda bolýan ýangyn, ýol ýa tebigy hadysalar barada maglumat bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler käte adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki, köçe-ýol we ýangyn hadysalary barada ýygy-ýygydan habar berýärler.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň “Kenar” bazarynda we awgust aýynda Marynyň merkezi şäherinde ýerleşýän “Lälezar” bazarynda ýangyn döredi. Habarçylarymyz bu wakalarda dükanlaryň ençemesiniň doly diýen ýaly ot alandygyny, ýöne adam pidasynyň bolmandygyny habar beripdiler.

Bu habarlaryň arasynda, häkimiýetler howpsuzlyk düzgünleriniň we ýangyn howpsuzlygy talaplarynyň berjaý edilişine ünsi ýygy-ýygydan güýçlendirýärler. Polisiýa we ýangyn gullugy hususy edara-kärhanalarda, şol sanda kafe-restoranlarda barlag geçirýär. Hojalyklaryň her birine ýangyn howpsuzlygy talaplary düşündirilýär. Häkimiýetler şeýle çäreleri soňky gezek Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, dekabr aýynda Lebapda geçiripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşynyň “Kenar” bazarynda ýangyn döredi
Russiýanyň Ukraina garşy hüjümleri dowam edýär
Parižde Ýangyn Sebäpli 3 Adam Ýogaldy
Bangladeşde Bolan Ýangynda 43 Adam Ýogaldy
Ukraina Russiýadaky 3 nebiti gaýtadan işleýän zawoda hüjüm gurady
Hytaýda üç müňden gowrak adam ýangyn sebäpli öýlerinden göçürildi