Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen ozal paýtagtyň prokurory wezipesini eýelän Täşliýew Döwlet Akmuhammedowiç Aşgabadyň Köpetdag etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.
Köpetdag Aşgabadyň merkezi etraby bolup, Aziadanyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherçesi, şeýle-de prezident köşgi we Merkezi bank, birnäçe ministrligiň binalary şu etrapda ýerleşýär.
Aşgabadyň bu etrabynyň häkiminiň wezipesi 9-njy iýuldan bäri eýesiz durdy, sebäbi ýurduň prezidenti Köpetdagyň häkimi Azymberdi Annaçaryýewi hiç bir düşündiriş bermezden wezipesinden boşadypdy diýip, “РИА Новости” ýatladýar.
