Aşgabadyň ýolagçylarynyň bilmeli zatlary: №18, №32 we №46 awtobus ugurlary 9-njy oktýabrdan üýtgär

Aşgabadyň ýolagçylarynyň bilmeli zatlary: №18, №32 we №46 awtobus ugurlary 9-njy oktýabrdan üýtgär

Awtobus hyzmatyň hilini ýokarlandyrmak we ilatyň ýol ulagyndaky zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabryndan Aşgabatda aşakdaky görkezilen belgili awtobuslaryň ugurlary üýtgär:

• Parahat - Howa menzili №18 awtobus ugry N. Andalyp köçesinden Görogly köçesine tarap gönükdiriler. • Awtokombinat - Kardiologiýa merkezi №32 awtobus ugry indi Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar. • Gurtly - Halkara nebit we gaz uniwersiteti №46 awtobus ugry bolsa N. Andalyp köçesi bilen ýöräp, Arçabil şaýolunyň halkasyndan öwrülip, N. Andalyp köçesine tarap yzyna gaýdar.

Bu üýtgeşmeler şäheriň jemgyýetçilik ulag pudagyndaky ýola goýlan hyzmatlaryň netijeliligini we medeniýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Ýene degişli makalalar

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Dalaşgärleriň dykgatyna!
Awtobus, demirýol transportyndaky bökdençlik, ýol-ulag hadysalary ilaty alada goýýar
Soltan zynjyrynyň restoranlary Aşgabadyň ähli etraplarynyň ýaşaýjylary üçin elýeterlidir
“Protokol” köçeleriň ýaşaýjylary günde dört sagatlap hereketleriniň çäklendirilýändigini aýdýar
HALK TEATRLARYNYŇ BÄSLEŞIGI