“Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary

Türkmenistanyň basketbolboýunça ýygyndy toparynyňtälimçisi, serbiýaly hünärmenMilan Kotaras: Federasiýanyň ýolbaşçylary meni hemmetaraplaýyn goldaýarlar, döredilen iş şertlerinden, tälimçiler toparyndan kärdeşlerim we oýunçylar bilen özara düşünişip, işleýändigimden hoşal.

Häzir topara zehinli türgenleri ýygnadyk, gyzykly, gowy oýun görkezmäge mümkinçiligimiz bar. Ýurtda geçiriljek “Aşgabat 2017” oýunlary ýaş topar üçin çylşyrymly we jogapkärli synag, şonuň üçinem janköýerlerden toparlarymyzy goldamagy haýyş edýärin, ol ýeňşe höwes döredýär.

Türkmenistanyň bowling toparynyň tälimçisi Batyr Hangeldiýew: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bowling boýunça baş baýrak ugrunda Saud Arabystanynyň, Kataryň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Koreýa Respublikasynyň, Gonkongyň iň güýçli toparlary güýç synanyşarlar. Ýöne biziň türgenlerimiz hem 3 ýyla golaý wagtyň içinde köp zat öwrendiler, olaram öz başarnygyny görkezerler.

Oglan-gyzlarymyz şowly çykyş etmäge höwesli, köpsanly janköýerlerimiziň bizi goldamagygyna bil baglaýarys.Sportuň bu görnüşiniň Türkmenistanda geljegi uly.

Grek-rim göreşi boýunça milli ýygyndymyzyň ýolbaşçysy,Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Rozy Rejebow: Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Eýrandan, Günorta Koreýadan, Hytaýdan, şeýle hem Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan iň güýçli pälwanlar gelerler.

Diýmek, tutluşyklar çekeleşikli, bäsdeşlik barlyşyksyz geçer.Türgenlerimiziň öňünde jogapkärli wezipe durýar bar ünsüňi bir ýere jemläp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek üçin aňryçäk gowy netije görkezmeli.Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň artykmaçlygy ýaryşyň öz ýurdumyzda geçirilýänligi we köpsanly janköýerleriň goldawydyr, bu bolsa, şahsy we toparlaýyn bäsleşiklerde hemmä deň mümkinçilik berýän möhüm höwesdir.

Türkmenistanyň taýboks milli ýygyndy toparynyň tälimçisiOrazmuhammet Bäşimow: Federasiýanyň düýbi tutulanda türgenleri tapmak, bu ugur üçin taýýarlamak kyn boldy, sebäbi sportuň bu görnüşi ýurtda ýaýradylmadykdy. Üç aý geçensoň, ýurt derejesinde çempionat geçirdik.

Bu çempionat taýboksyň ýaýramagyna itergi berdi.Kem-kemden boks, uşu, karate we kikboksing bilen meşgullanýan türgenler toparymyza goşuldy, şeýdip, milli ýygyndy toparynyň özeni döredi.Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan ilkinji türgenleriň käbiri eýýäm Türkmenistanyň adyny taýboks dünýäsinde tanatmagy başardy we öz ýurdunyň abraýyny gorap, birnäçe halkara ýaryşlara gatnaşdylar hem-de baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Türkmenistanyň atly sportunyňkonkur görnüşi boýunça türgeniEzber Babalyýew: Men 2006-njy ýyla çenli at çapdym.

Soňra işime käbir üýtgeşmeleri girizmek isledim, ýöne bu üýtgeşme atçylykdan daşlaşmaly däldi. Şeýlelikde, men atçylyk sportunyň konkur görnüşi bilen meşgullanmagy makul bildim.Çünki men sportuň bu görnüşinden çäksiz lezzet alýaryn.

Meniň baş maksadym, şu aýda Watanymyzda geçiriljek Oýunlara gatnaşyp, altyn medaly eýelemek.

3×3 basketbol boýunça Türkmenistanyňzenanlar toparynyň kapitany Aýna Gökowa: Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän iň iri, köpugurly sport çäresinde Aziýadan hem-de Okeaniýadan gatnaşjak iň ökde toparlara garşy çykyş etmek üçin birkemsiz taýýarlandyk.

Biziň her geçen günümiz ýeňiş gazanmaga bolan ynamymyzy barha artdyrýar.Oýunlarda iň ýokary baýragy aljakdygymyza-da doly ynanýarys.

Türkmenistanyň bowling milli ýygyndy toparynyň türgeni Geldi Garaýew: Men ýedi ýyldan bäri karate bilen meşgullanýaryn we eýýäm köp üstünlik gazanmagy başardym.

Emma 2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi baradaky hoş habary eşidenimde, meniňem Oýunlara gatnaşasym geldi.Men 2015-nji ýylda bowling boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilýändigi barada eşitdim we özümi synap görmek üçin ýaryşa gatnaşdym. Ýeňiş gazanmadym, emma oýnuň çylşyrymly däldigine düşündim. Şondan soňra yzygiderli türgenleşmegi makul gördüm.

Indi meniň ”Aşgabat 2017”-ä gatnaşmak arzuwymyň hasyl bolanyna begenýärin.

Türkmenistanyň tennis milli ýygyndysynyň türgeni Hajymyrat Çaryýew: Meniň üçin özümden ulular bilen bir toparda çykyş etmek örän tolgundyryjy.

Olar maňa oýnuň dowamynda ünsümi jemlemegi we beýleki dürli tehniki tärleri öwretdiler. Ýurdumyzda ýokary derejede geçjek çekeleşikli ýaryşda altyn medal gazanmagy öňümizde belent maksat edip goýduk.

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça milliýygyndysynyň türgeni Merdan Ataýew: Ata Watanym üçin altyn medaly gazanmak esasy borjum bolup durýar.

Meniň hem 50 m, hem 100 m aralygy brass görnüşde şowly ýüzüp geçjekdigime ynamym halkara ýaryşlarda çykyş etmek tejribäme esaslanýar.Sözüň doly manysynda, men özüme taýýar diýip biljek.

Janköýer ildeşlerimden doly bolan stadion maňa uly goldaw berer diýip, umyt edýärin.

Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyňIII ýyl talyby Arça Annabaýew: Men Oýunlaryň bir bölegi bolmaga örän höwes edýärdim, sebäbi bu taryhy dabara biziň ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýär.

Meýletinçilik maňa baý tejribe gazandyrar.Türkmenistandan iberilen “Aşgabat 2017” meýletinçi meýilnamasynyň üsti bilen Wýetnamda 2016-njy ýylda geçen Aziýanyň kenarýaka oýunlaryna gatnaşmagym ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy.

Türkmen döwlet ykdysadyyet we dolandyryşinstitutynyň II ýyl talybyLeýli Mämmetniýazowa: Açylyş dabarasyny görmek üçin örän sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Sebäbi ondan soň, hemme işler başlar we has gyzykly bolar.Meýletinçilik döwründe toplan tejribämiz durmuşyň ähli ugurlarynda hem peýda berýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüşuniwersitetiniň kompýuter tehnologiýasy fakultetiniň V ýyl talybyRahat Pirgulyýew: Taryhy wakanyň bir bölegi bolmak tolgundyryjy we örän jogapkärli. Oýunlarda biz uly ähmiýete eýe bolan işleri ýerine ýetirmelidiris.

Türkmen döwlet maliýe institutynyň II ýyl talybyGyzylgül Allaşükürowa: Meýletinçi hökmünde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşýandygym meni örän buýsandyrýar.

Oýunlara gelýän myhmanlarda oňaýly täsir galdyrsak, biziň ýurdumyzyň medeniýetine ýokary baha beriljekdigini hiç birimiz unutmaly däldiris.Oýunlar başlanda Aziýa we Okeaniýa ýurtlaryndan geljek myhmanlary garşy almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalykuniwersitetiniň III ýyl talyby,Döwlet Begnazarow: Men ýokary okuw mekdebine talyp bolan döwrüm “Aşgabat 2017” oýunlaryny geçirmek boýunça meýletinçilige ýazyldym.

Bu meniň üçin ilkinji tejribe.Meýletinçilik dostlarymyzy köpeltmäge, ata Watanymyzda geçirilýän uly dabaranyň bir bölegi bolmaga berlen ajaýyp mümkinçilikdir.

ürkmen döwlet maliýe institutynyňbarlag we hasaplama hünäriniňIII ýyl talyby Ýazgül Taýlyýewa: Men birnäçe ugurlarda özümi synap görenimden soň, sport ugrunda işlejegime göz ýetirdim. Geçiriljek “Aşgabat 2017” oýunlary maňa peýdaly tejribe gazanmak üçin gowy mümkinçilikdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Paýhas damjalary