AŞGABAT AZIADASYNYŇ REKORDLARY

Mälim bolşy ýaly, Olimpiýa şäherçesindäki Suw sport toplumy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.Ine, şu ägirt uly toplumda geçirilen ýaryşlarda-da rekord derejesindäki ýeňişler gazanyldy.Has takygy, suwda ýüzmek boýunça ýaryşyň ilkinji gününde oýunlaryň 7 rekordy täzelendi.Hytaýly türgen Ližou Wang 100 metr aralyga brass usulynda ýüzmek boýunça ýaryşda bellenen aralygy 58,24 sekuntda geçip, rekordy täzeledi.

Mundan ozalky rekord 2009-njy ýylda Wýetnamda geçirilen Ýapyk binalardaky Aziýa oýunlarynda goýlupdy. Şol gezek gazagystanly suwda ýüzüji Wladislaw Polýakow bu aralyk üçin 58,28 sekunt wagt sarp edipdi. Ýöne L.Wangyň günüň ahyrynda bu rekordy hem täzeländigi baradaky maglumat has-da gyzyklydyr.

Medallar ugrundaky jemleýji ýüzüşde ol bu gezek 57,02 sekuntlyk netije görkezip, bir günüň dowamynda oýunlaryň rekordyny ikinji gezek täzeledi. Şeýlelikde, ol bu görkeziji bilen hem şu oýunlaryň, hem Okeaniýanyň (57,14) rekordyny yza galdyryp, Aziýa rekordyna (56,34) has golaýlady.Tailandly zenan suwda ýüzüji Jenjira Srisa-Ard 50 metr aralyga fristaýl usulynda ýüzüşde ozal ildeşi Junkrajang Nathanana degişli bolan, 2009-njy ýyldaky Wýetnam Aziadasynda goýlan 25,13 sekuntlyk rekordy täzeläp, oýunlaryň täze rekordyny 24,71 sekunda getirdi.

Bu ýaryşyň has gyzykly başga bir tarapy tailandly bäsdeşinden bary-ýogy 0,28 sekuntlyk yza galyp, kümüş medala mynasyp bolan hytaýly Lihui Lao hem 2009-njy ýyldaky rekorddan gowy netije görkezdi.

Ol bellenen aralygy 24,99 sekuntda geçdi.Zenanlaryň arasynda 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzmekde ýeňiş gazanan we altyn medala mynasyp bolan wýetnamly Nguýen Ti An Wien ozal özüne degişli bolan rekordy täzeläp, rekordçylaryň hataryna goşuldy.

Edil şu ýaryşda “Inçhon 2013”-de 2 minut 10,05 sekuntlyk netije bilen oýunlaryň rekordyny goýan türgen bu gezek netijesini has gowulandyryp, rekordy 2 minut 09,78 sekunda çenli getirdi.200 metr aralyga brassda erkekleriň arasyndaky ýaryşda hem oýunlaryň rekordy täzelendi.

Täze rekord hytaýly Haiang Kuine degişli.Ol Inçhon Aziadasynda ildeşi Mao Feilianyň goýan rekordyny (1 minut 56,61 sekunt) täzeläp, bu aralygy 1 minut 55,20 sekuntda geçdi.Zenanlaryň arasyndaky estafetalaýyn ýüzmek ýaryşyndaky täze rekord Gonkongyň ýygyndysyna degişli. Öňki rekord mundan dört ýyl ozal, Koreýada geçirilen oýunlarda ýer eýeleriniň özlerine degişlidi.

Koreýanyň zenanlar ýygyndysy 400 metr aralygy 1 minut 50,17 sekuntda ýüzüp geçip, oýunlaryň rekordyny öz atlaryna ýazdyrypdylar.Bu gezek bolsa, Gonkongyň ýygyndysy bu aralygy geçmek üçin 1 minut 48,79 sekunt wagt sarp etdiler.Koreýaly türgenler Aşgabat Aziadasynda başga bir rekord goýdular.

Erkekleriň arasyndaky estafetanyň ýeňijisi bolan Koreýa Respublikasynyň wekilleri 400 metr aralygy 1 minut 35,28 sekuntda ýüzüp geçdiler.Oýunlaryň ozalky rekordy hytaýly türgenlere degişlidi.Olar 2013-nji ýyldaky Inçhon Aziadasynda bu aralyga 1 minut 36 sekunt wagty sarp edipdiler.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň geçiriljek senesi kesgitlenildi, Türkmenistan Mir töleg ulgamyna birikdirilip bilner we beýleki habarlar
“Forsaž 9” filmi Hytaýda birinji gününde 59,3 million dollar gazandy
Täze Zelandiýanyň ýaşaýjylary ýurduň adyny üýtgetmegi talap edýärler
Moskwada Abdulmanap Nurmagomedowyň hormatyna ýaryş geçirildi
Somalide kinoteatrlar işläp başlady
HBS: Si Szinpin Mao Szedunyň titulyna mynasyp boldy