Aşgabat, Baku we Kabul Lapis Lazuli boýunça “Ýol kartasyny” ylalaşdylar

Aşgabat, Baku we Kabul Lapis Lazuli boýunça “Ýol kartasyny” ylalaşdylar

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň pudagara toparynyň ýolbaşçylarynyň şenbe güni onlaýn görnüşinde üçtaraplaýyn gepleşigi geçirildi. Bu topar ulag we aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly Lapis Lazuli geçelgesini işjeňleşdirmek maksady bilen döredildi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar berşi ýaly, maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa boýunça orunbasary Baýramgeldi Öwezow, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Abdulla ogly Mustafaýew we Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar bu formatda hyzmatdaşlyk etmegiň aýratyn ähmiýetini nygtadylar we geçen döwürde amala aşyrylan bilelikdäki işleriň netijelerine garadylar. Şu ýyl üçin meýilleşdirilýän özara hereketler boýunça pikir alşyldy.

Maslahatyň jemleri boýunça taraplar Lapis Lazuli geçelgesiniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasyna” gol çekdiler.

Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy, Gruziýa, Türkiýe Respublikasy we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşyga (Lapis Lazuli) 2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisinde gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Lapis-Lazuli geçelgesi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy”
DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLERIŇ ULAG MINISTRLERINIŇ DEREJESINDÄKI HALKARA MASLAHATY
Türkmenistan we Türkiýe parlamentara gatnaşyklaryny ösdürýär
Garaşsyzlyk ýyllarynda demir ýol ulgamynda gazanylan ösüşler
Türkmenistanyň ýük daşamalary geçen ýyl 28% ýokarlandy
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA
Owganystanyň ýokary derejeli wekilýeti Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelip gördi