Aşgabat bilen Tbilisi ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy giňeldýär

Aşgabat bilen Tbilisi ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen gepleşikleri geçirdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag-logistika hem-de energetika ulgamlary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigini belledi.Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan tarapyndan gruzin hyzmatdaşlaryna Merkezi we Günorta Aziýanyň, şeýle hem Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň geljegi uly bazarlaryna çykmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady.

Taraplar ileri tutulýan möhüm taslamalaryň biri hökmünde Owganystany, Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany we Türkiýäni birleşdirýän Lazurit halkara ulag geçelgesini aýratyn bellediler. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gyzyklanmasy beýan edildi.

Türkmen tarapy bu ugur boýunça anyk geljegi uly taslamalary we mümkinçilikleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrini kabul etdi
Türkmenistan we Gruziýa ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekdiler
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisidäki gepleşikleriň jemlerini metbugat maslahatynda beýan etdi
Türkmen we gruzin kompaniýalary işewürlik forumynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler
Kobakhidze Gruziýanyň Premýer-ministri wezipesini tassyklandy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy — daşary ýurt neşirleriniň sahypalarynda