Aşgabat bilen Waşington medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär

Aşgabat bilen Waşington medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatynyň senatory Stiw Deýnsi kabul etdi.Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilim, ylym we medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlygy bellediler.

Nygtalyşy ýaly, bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda bilelikdäki maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.Hususan-da, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Medeni mirasy gorap saklamak üçin ilçiniň gaznasy maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda ylmy-medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen ýaşlarynyň halkara bilim maksatnamalarynyň çäklerinde ABŞ-da bilim alýandyklaryny, soňky ýyllarda bolsa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belledi.Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mundan beýläk-de iki halkyň ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berýän medeni-ynsanperwer gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
Tramp ABŞ-nyň Germaniýadaky esgerleriniň sanyny azaltjakdygyny aýtdy
Türkmen ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Senatynyň wekilini kabul etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylary ABŞ senatory bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň senatory bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy