Aşgabat gipermarketi hurmalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Aşgabat gipermarketi hurmalaryň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Aşgabat gipermarketi öz müşderilerine amatly bahalardan ýetirýän hurmalarynyň köp sanly görnüşlerini hödürleýär. Aşgabat gipermarketiniň assortimentinde bu önümleriň: Ajwa, Mejdul, Mabrum, Safari hem-de Sagal ýaly görnüşleri bar.

Gipermarketde adaty hurmalardan başga-da, şokoladly we badamly hurmalaryň hem giň haryt görnüşleri ýetirilýär.

Aşgabat gipermarketi — müňlerçe dürli harydyň bir ýere jemlenmegidir:

- Azyk önümleri: miweler we gök önümler, et, balyk, süýt önümleri, däneler, makaronlar, konserwirlenen iýmitler, çaý, kofe, süýji we ş.m.;

- gündelik sarp edilýän harytlar: şahsy arassaçylyk önümleri, öý himiki serişdeleri, öý arassalaýyş önümleri, kanselýariýa harytlary, öý harytlary;

- tehnika we elektronika: smartfonlar, planşetler, kompýuterler, telewizorlar, sowadyjylar, kir ýuwujy maşynlar, tozan sorujylar, çäýnekler, saç guradyjylar we ş.m.;

- erkekler, zenanlar we çagalar üçin niýetlenen geýimler we aýakgaplar;

- bezeg we jaýy abadanlaşdyrmak üçin gerekli bolan zatlar: mebeller, gap-gaçlar, dokma önümleri, suratlar, küýzeler, heýkeljikler, ysly şemler we başgalar.

- kosmetika we parfýumeriýa: bezeg kosmetika önümleri, ýüze we bedene ideg etmek üçin önümler, erkekler we zenanlar üçin atyrlar;

- çaga harytlary: eşikler, aýakgaplar, oýunjaklar, arabalar, sallançaklar, ulag kreslolary, pampersler, çagalar üçin iýmit we başgalar.

Mundan başga-da, edilen söwdanyň umumy möçberine baglylykda, gipermarket tölegsiz eltip berme ýa-da taksi hyzmatyny ýetirýär. Degişli hyzmatlar barada giňişleýin bilmek üçin şu telefon belgä jaň ediň: (+993 65) 81 22 92.

Gipermarket Aşgabat söwda we dynç alyş merkeziniň B blogunyň 0-njy gatynda ýerleşýär. Iş wagty: 8:00-dan 23:00-a çenli.

Dükanyň mobil goşundysyny Google Play hem-de AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp, onlaýn söwda ediň.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Syýahatçy” Belarusyň “Belavia” kompaniýasynyň awiabiletleriniň onlaýn satuwyny işe girizdi
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze Galkan goşundysy işe girizildi
Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze Galkan töleg goşundysy işe girizildi
Türkmenistanda jerimeleri tölemek üçin “Galkan” mobil goşundysy işläp başlady
ÇaparPay goşundysy — Türkmenistanyň içerki gatnaw awiapeteklerini onlaýn almagyň amatly usuly
Meşhur Aýterek mobil goşundysyna uly täzelenme girizildi