Aşgabat gipermarketi öz öndürýän peýnirleriniň we beýleki süýtturşy önümleriniň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Aşgabat gipermarketi öz öndürýän peýnirleriniň we beýleki süýtturşy önümleriniň köpdürli görnüşlerini hödürleýär

Aşgabat gipermarketi öz öndürýän süýtturşy önümleriniň giň haryt görnüşlerini hödürleýär. Bu ýerden sagdyn we tagamly iýmitlenmek üçin zerur bolan sliwka, dorag, mesge ýagy ýaly önümleri, şeýle hem Paýtagt, Ýagly hem-de Mazarella haryt nyşanly 12 dürli görnüşli peýnirleri tapmak bolýar.

Süýtturşy önümleri täze we tebigy goşundylardan taýýarlanylýar. Önümçilikde diňe süýdüň peýdaly aýratynlyklaryny saklamaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar ulanylýar. Her günde sehde 3500 litre çenli süýt gaýtadan işlenilýär.

Gipermarketiň syrlarynyň arasynda klassiki görnüşler bilen birlikde, has original görnüşleri hem bar. Mysal üçin, gök-otly peýnir, pizza üçin mozarella.

Süýtturşy önümleri adam iýmitiniň möhüm bölegidir. Olarda bedeniň saglygy we kadaly işlemegi üçin möhüm bolan köp peýdaly maddalar bar. Süýtturşy önümlerinden ýokary derejede peýda almak üçin düzüminde zyýanly goşundylary ýa-da himiki maddalary bolmadyk tebigy önümleri saýlamak möhümdir.

Aşgabadyň wekiliniň bellemegine görä, gipermarketiň süýtturşy önümleri — saglygy barada alada edýän we datly iýmitleri iýmegi halaýan adamlar üçin ajaýyp saýlawdyr.

Aşgabat gipermarketiniň çagalar we uly ýaşlylar üçin dürli hili egin-eşikleri, aýakgaplary, öý-hojalyk harytlaryny, elektronika enjamlaryny, iýmit önümlerini, bezeg kosmetikasyny, atyrlary, kanselýariýa harytlaryny, dokma önümleri, hojalyk himiki serişdeleri we başga-da müňlerçe önümleri hödürleýändigini hem ýatladýarys.

Oňaýly bolmagy hem-de wagty tygşytlamak üçin Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary (+993 65) 81 22 92 telefon belgisine jaň edip ýa-da mobil goşundysy arkaly (Google Play we AppStore internet dükanlaryndan ýükläp alyp bolýar) gipermarketden gerekli bolan harytlaryny sargyt edip bilerler.

Mundan başga-da, Aşgabat özboluşly hyzmaty ýerine ýetirýär — 500 manatdan az bolmadyk möçberde söwda edýän müşderileri öýünden gipermarkete tölegsiz getirýär we yzyna alyp gidýär. Bu hyzmat diňe türkmen paýtagtynyň çäginde hereket edýär.

Aşgabat söwda-dynç alyş merkeziniň B blogunyň 0-njy gatynda ýerleşýän gipermarkete her gün sagat 8:00-dan 23:00-a çenli baryp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

“Syýahatçy” Belarusyň “Belavia” kompaniýasynyň awiabiletleriniň onlaýn satuwyny işe girizdi
Turkish Airlines gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär
Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze Galkan goşundysy işe girizildi
Türkmenistanda ýol hereketiniň düzgünleriniň jerimelerini tölemek üçin täze Galkan töleg goşundysy işe girizildi
Türkmenistanda jerimeleri tölemek üçin “Galkan” mobil goşundysy işläp başlady
ÇaparPay goşundysy — Türkmenistanyň içerki gatnaw awiapeteklerini onlaýn almagyň amatly usuly
Meşhur Aýterek mobil goşundysyna uly täzelenme girizildi