Aşgabat kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder

Aşgabat kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder

Aşgabat şäheri 23 ― 28-nji noýabr aralygynda kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder.

Dünýä çempionaty Kuraş boýunça halkara assosiasiýasy tarapyndan her ýyl geçirilýär. Assosiasiýa mundan 25 ýyl ozal ― 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda assosiasiýa milli federasiýalaryň 118-sini özünde birleşdirýär. Olaryň 32-si Aziýa, 22-si Afrika, Ýewropa 33-si, Demirgazyk we Günorta Amerika yklymlaryna 22-si, Okeaniýa bolsa 9-sy wekilçilik edýär.

Ilkinji dünýä çempionaty 1999-njy ýylda özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Aşgabat taryhynda ilkinji, umumylykda bolsa 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: türkmen türgenleriniň birinden galany finala çykdy
Kuraş 2023: Sabina Agajanowa finalda göreşer
Kuraş 2023: Şatlyk Jumanyýazow çempionatyň ikinji gününde finala çykan dördünji türkmenistanly türgen boldy
Kuraş 2023: Döwlet Hemrakulyýew dünýä çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy