
Türkmenistan awiakompaniýasynyň resmi saýtynda Aşgabat-London ugry boýunça awiabiletler satuwa çykaryldy. Bir tarapyna bileti 8 müň 706 manat 30 teňňä satyn alyp bolýar.
Bilet satyn alyp bolýan ýakyn wagtdaky Aşgabatdan Londona uçuş 5-nji aprelde bolar. Türkmen paýtagtyndan uçar sagat 13:00-da ugrap, ol Londonyň Stansted howa menziline sagat 15:50-de gonar.
Görkezilen baha täzeligiň çap edilen wagtynda wajyp bolup, ol diňe onlaýn satyn almak üçindir. Kassadaky bahalar tapawutlanyp biler. Bileti bank kartynyň üsti bilen onlaýn satyn alyp bolýar.
Aşgabat-London-Aşgabat ugry boýunça awiauçuşlaryň gaýtadan başlanýandygy fewral aýynda belli boldy. Uçuşlar iki tarapa hem her hepdäniň çarşenbe güni amala aşyrylar.