Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin sanly hyzmatlar portaly döredildi

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin sanly hyzmatlar portalynyň işi ýola goýuldy. Portal e.ashgabat.gov.tm salgyda ýerleşmek bilen, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin jemagat hyzmatlaryny amala aşyrmaga, ýagny, suw, zir-zibil, jaý jemagat hyzmatlarynyň töleglerini onlaýn görnüşde tölemäge, şeýle hem zerur bolan güwänamalary onlaýn ýagdaýda sargyt etmäge mümkinçilik döredildi.

Portalyň sanly hyzmatlary Suw tölegi, Güwänamalar, Zir-zibil tölegi, Jaý jemagat hyzmatlary atly bölümleriň üsti bilen amala aşyrylýar. Portalyň üsti bilen tölegler amala aşyrylanda soralýan hasap belgisini almak üçin raýatlar Aşgabatagyzsuw edarasyna ýüz tutmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat şäher häkimligi sanly hyzmatlar portalyny işe girizdi
Býujet işgärleri gowaçanyň çürtüm işlerine çekilýär
Aşgabat: Zir-zibil gutularynyň daş-töweregi arassalanmaýar
Aşgabatda galyndylary dolandyrmak ulgamynda halkara tejribesi we milli usullar ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabat haýwanat bagynyň gözgyny ýagdaýy (fotosergi)
Aşgabatda zir-zibil gutulary wagtynda arassalanmaýar’