Aşgabat — Serhetabat otly gatnawy gaýtadan dikeldildi

Aşgabat — Serhetabat otly gatnawy gaýtadan dikeldildi

Bu barada Demirýollary açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berildi. Saýtda ýolagçy otlularynyň täze gatnaw tertibi çap edildi. Şoňa laýyklykda, Aşgabat — Serhetabat we Serhetabat — Aşgabat aralygyna otly gatnawy günaşa amala aşyrylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmendemirýollary agentliginiň resmi saýtyndan demir ýol gatnawlary üçin petekleri 5 gün öňünden onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar.

Onlaýn petekleri railway.gov.tm web-saýtyndan, şeýle hem Android we iOS ulgamlary üçin niýetlenen Railways ykjam goşundylaryndan satyn alyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Ýolagçy otly gatnawlarynyň täze tertibi
Türkmenistanda otly gatnawlarynyň täzelenen tertibi çap edildi
Demir ýol peteklerini 5 gün öňünden onlaýn görnüşde satyn alyp bolýar
Hormatly ýolagçylar!
Türkmendemirýollary agentligi petekleri onlaýn görnüşde satyn alyp bolýandygyny ýatladýar
Türkmenistan bilen Hytaý Ýewropa uzaýan täze ulag geçelgelerini döretmegi meýilleşdirýär