Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň Tejen Mary bölegi halkara güwänamalaryň 5-sine mynasyp boldy

Aşgabat  Türkmenabat awtobanynyň Tejen  Mary bölegi halkara güwänamalaryň 5-sine mynasyp boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň çäklerinde dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen Mary bölegine 5 sany halkara güwänama gowşuryldy. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gowşurylan halkara güwänamalar şulardan ybarat:

Ýaponiýanyň NEC Telekommunikasion Ltd.kompaniýasynyň Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin atly halkara güwänamasy; Fransiýanyň Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA) kompaniýasynyňÝokary tizlikli ýoluň wideo gözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin atly halkara güwänamasy; Awstriýanyň Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE) kompaniýasynyň Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi barada halkara güwänamasy; Awstriýanyň Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE) kompaniýasynyň Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartlaryna laýyk gelýändigi barada halkara güwänamasy; Awstriýanyň Vienna Consulting Engineers ZT GmbH (VCE) kompaniýasynyň Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň metodiki gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi barada halkara güwänamasy.

Ýene degişli makalalar

Lebap sement zawodyna degişli güwänama gowşuryldy
Algap öý we täjirçilik maksady bilen peýdalanylýan plastik gap-gaçlaryna arzanladyş yglan edýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary tamamlandy
Aşgabatda nemes işewürleri bilen duşuşyk geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň işewürleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanda Aşgabat Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy