Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna garaşylýar

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna garaşylýar

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda badalga berildi.

2021-nji ýylyň oktýabr aýynda awtobanyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Ýoluň birinji tapgyry abraýly halkara guramalaryň degişli güwänamalarynyň birnäçesine mynasyp boldy.

2022-nji ýylyň fewral aýynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegine badalga berildi. Işleriň ýokary depginlerde alnyp barylmagy netijesinde, häzirki wagtda onuň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna garaşylýar diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu tapgyrda hem täze ýoluň ugrunda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr.Myhmanhanalar, söwda merkezleri, naharhanalar, inženerçilik desgalary bina edilipdir.Döwrebap elektron töleg terminallary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler, aragatnaşyk nokatlary, innowasion yşyklandyryş sütünleri oturdylypdyr.

Köp sanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, ýangyç guýujy beketler gurlup, daşky gorag gözenekleri çekilipdir.Hereket howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlara laýyk gelýän çyzgylar çyzylyp, salgy beriji, sazlaýjy we beýleki belgiler bilen üpjün edilipdir.

Awtobanyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygynda ýol gurluşykçylarynyň 1500-den gowragy zähmet çekýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, golaýda Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Mary böleginiň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy.

Ýene degişli makalalar

Marynyň iň gatnawly köçeleriniň biriniň wagtlaýyn ýapylmagy, ulag dyknyşyklaryna getirýär
Türkmenistanda Aşgabat Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy
Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň Tejen Mary bölegi açyldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Täze ýyl, täze stil! Röwşen 2024-nji ýylyň erkek aýakgaplarynyň kolleksiýasyny hödürleýär
Antalýada 812 Myhmanhana Syýahatçylary Kabul Eder