Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy

Aşgabatda 114 belgili täze awtobus ugry açyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenawtoulaglary agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 26-dan täze 114-nji Parahat — Aşgabat söwda merkezi ugruň açylýandygy habar berilýär.

114-nji Parahat Aşgabat söwda merkezi awtobus ugry “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar, A.Garlyýew köçe 10 ýyl Abadançylyk köçe B.Annanow köçe Ýu.Emre köçe Ankara köçe 10 ýyl Abadançylyk köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly Galkynyş köçe Görogly köçe A.Nyýazow şaýoly Seýdi köçe Tähran köçesi bilen hereket edip, “Aşgabat söwda merkezine” çenli barýar hem-de yzyna Mollanepes köçe H.Derýaýew köçe - Görogly köçe A.Nowaýy köçe Galkynyş köçe Bitarap Türkmenistan şaýoly 10 ýyl Abadançylyk köçe N.Andalyp köçe Arçabil şaýoly Ankara köçe Ýu.Emre köçe B.Annanow köçe 10 ýyl Abadançylyk köçe A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenawtoulaglary agentligi Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy bilen bilelikde Aşgabat şäherindäki awtobus ugurlary we duralgalary barada maglumat almak üçin amatly onlaýn hyzmaty döretmek maksady bilen Duralga mobil goşundysyny işläp düzdi.

Duralga programmasynyň esasy aýratynlygy, awtobusyň belli bir duralga näçe wagtdan geljekdigini öz smartfonyňyzda onlaýn bilip bilersiňiz. Munuň üçin Hyundai kysymly şäheriçi awtobuslary ulaglaryň ýerleşýän ýeri barada maglumat iberýän GPS yzarlaýjylary bilen enjamlaşdyrylandyr.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 44-33-90, 44-33-91

Ozal 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanda şäheriçi we şäherara awtobuslarynyň nähili tertipde hereket etjekdigi belli boldy.

Ýene degişli makalalar

2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika
13.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: Gurluşyk we elektroenergetika
S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Aşgabatda täze ugurlar boýunça awtobus gatnawlary
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
Daşoguz welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler