Aşgabatda 2026-njy ýylda SPECA ykdysady forumy geçiriler

Aşgabatda 2026-njy ýylda SPECA ykdysady forumy geçiriler

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri boýunça Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) 2026-njy ýylyň 2023-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda ykdysady forumy hem-de SPECA-nyň ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde Dolandyryş geňeşiniň 20-nji mejlisini geçiriler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG-niň ÝYK) penşenbe güni habar bermegine görä, bu çäreler sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem söwda, ulag we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin esasy meýdança bolar.

Forumyň esasy mowzugy — “Durnukly ösüş üçin sebitara arabaglanyşyk” bolup, onuň çäklerinde energetika, ulag we söwda arabaglanyşyklarynyň ösdürilmegi, ulag koridorynyň sanlylaşdyrylmagy hem-de SPECA agza ýurtlarynyň arasynda kanunçylygyň utgaşdyrylmagy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek bu forumyň dowamynda SPECA-nyň esasy strategik resminamalarynyň ýerine ýetirilişindäki gazanylan ösüşe, şol sanda Transhazar gecelgesiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça Ýol kartasyna hem-de 2030-njy ýyla çenli ösüş Konsepsiýasyna garalar.

SPECA — BMG-niň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýeti üçin ýörite maksatnamasy bolup, ol agza ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň dünýä ykdysadyýetine birleşmegini we sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirlendir. 1998-nji ýylda döredilen bu maksatnama, başda Gazagystan, Gyrgyzstan, Täjigistan we Özbegistan ýurtlary bilen başlanandan soňra, Owganystan, Azerbaýjan we Türkmenistan hem goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda suw üpjünçiligi, sanitariýa, gigiýena we saglygy goraýyş meseleleri boýunça milli mejlis geçirildi
30.10.2020 | Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Watanymyzyň Bitaraplygy — halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine