Aşgabatda 43-nji we 46-njy awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler

Aşgabatda 43-nji we 46-njy awtobus gatnaw ugurlaryna üýtgeşme giriziler

"Türkmenawtoulaglary" agentligi Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ilatyň awtobus gatnawyna, ýolagçylar üçin ýokary hilli we medeni hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 43-nji we 46-njy awtobus ugurlaryna käbir üýtgeşmeleriň girizilendigini habar berýär.

43-nji “Parahat Arzuw” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçesi 10 ýyl Abadançylyk köçesi B.Annanow köçesi H.A.Ýasawy köçesi 3-nji Bäş ýyllyk köçesi Demirçiler köçesi G.Kulyýew köçesi boýunça hereket edip, “Arzuw” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna B.Annanow köçesi Sähra köçesi Ahal-4 köçesi Gündogar köçesi Watan köçesi N.Andalyp köçesi G.Kulyýew köçesi B.Annanow köçesi Işçiler synpy köçesi 3-nji Bäş ýyllyk köçesi H.A.Ýasawy köçesi T.Suhanlyýew köçesi A.Berdiýew köçesi N.Andalyp köçesi Magtymguly şaýoly S.Türkmenbaşy şaýoly Görogly köçesi N.Andalyp köçesi Oguzhan köçesi A.Garlyýew köçesi Ýunus Emre köçesi B.Annanow köçesi 10 ýyl Abadançylyk köçesi A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

46-njy “Gurtly Parahat 4” ugry boýunça awtobus “Gurtly” belleniş nokadyndan ugraýar we Ruhabat köçesi Gurbansoltan eje şaýoly Taslama köçesi Görogly köçesi Tähran köçesi - Magtymguly şaýoly S.Türkmenbaşy şaýoly Görogly köçesi N.Andalyp köçesi 10 ýyl Abadançylyk köçesi boýunça hereket edip, “Zemin” binasyndan yzyna aýlanyp, N.Andalyp köçesi Görogly köçesi S.Türkmenbaşy şaýoly Magtymguly şaýoly Tähran köçesi - Görogly köçesi Taslama köçesi Gurbansoltan eje şaýoly Ruhabat köçesi boýunça hereket edip, “Gurtly” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-33-90; 44-33-91

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda 6 sany awtobus gatnawlaryna üýtgeşme girizildi
Aşgabatda käbir awtoulag ugurlaryna üýtgeşme girizildi
Berdimuhamedow Aşgabadyň şäher taslamalaryny tassyklady we şäheriň halkara reýtingdäki oruny babatda aladalandy
Üýtgeşmeleriň girizilýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýär
S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolynda
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler