Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy

Aşgabatda ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik boldy

2-nji iýulda paýtagtymyzyň Ýyldyz myhmanhanasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik bolup geçdi. Çärä Türkmenistanyň döwlet düzümleriniň wekilleri, ýurdumyzda işlemäge hukugy bolan diplomatik edaralaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow hökümetimiz tarapyndan hormatly myhman boldy.Kabul edişligiň resmi bölegi ABŞ-nyň ilçihanasynyň deňiz pyýada goşunynyň döwlet baýdagyny sahna çykarma dabarasy bilen başlandy, soňra iki ýurduň döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Mundan soň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud myhmanlara gutlag sözleri bilen ýüzlendi.Diplomat öz çykyşynda iki ýurduň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga edýän yzygiderli goldawy we şahsy goşandy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny bildirdi.

Men ABŞ-nyň Türkmenistandaky wekilidigimden buýsanç duýýaryn.Biziň umumy gymmatlyklarymyzy ösdürmek we döwletlerimiziň gülläp ösmegi üçin bu ýurduň Hökümetidir halky bilen işleşmek meniň üçin uly hormatdyr diýip, hanym Rud nygtady.

Ilçi geçen ýylyň dowamynda Amerika Türkmenistan hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösendigini belledi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Waşingtona sapary we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşygy, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Florida ştatyna sapary ähmiýetli wakalardyr.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň birnäçe ýokary wezipeli şahslary Türkmenistana sapar etdiler.Bu ýokary derejeli gatnaşyklar, alyş-çalyş maksatnamalary bilen birlikde, gatnaşyklaryň hil taýdan berkleşýändiginiň beýanydyr.Häzirki wagtda taraplar söwda gatnaşyklaryny artdyrmak, bilim we medeni hyzmatdaşlygyň depginini güýçlendirmek, şeýle hem sebitleýin we bütindünýä howpsuzlyk meselelerini çözmek ugrunda bilelikde iş alyp barýarlar.

Türkmen tarapynyň adyndan çykyş etmek bilen, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berýändigini we bütindünýä, sebitleýin hem ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli esasy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri döwletara gepleşikleriň syýasat, ykdysadyýet, bilim we medeniýet ýaly dürli ugurlary-da goşmak bilen, meseleleriň giň gerimini öz içine alýandygyny nygtady.BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň teklip eden halkara başlangyçlaryny we kararlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin amerika tarapyna hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem olar 2015-nji ýylyň noýabr aýynda döredileninden bäri, ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmaga netijeli hyzmat eden Merkezi Aziýa ABŞ (C5+1) köptaraplaýyn formatynyň çäklerinde dowam edýän özara işjeň gatnaşyklary belläp geçdiler. Şu ýyl biz ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 34 ýyllygyny belledik. Şu ýyllaryň dowamynda döredilen ikitaraplaýyn mehanizmler, hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň arasyndaky ýyllyk syýasy geňeşmeler ýokary netijelidigini yzygiderli subut edip gelýär diýip, Raşid Meredow aýtdy.

Söwda we ykdysady meselelere ünsi çekmek bilen ministr John Deere, Case, Caterpillar, General Electric, Boeing, Visa, Sikorsky ýaly we beýleki öňdebaryjy amerikan kompaniýalary bilen uzak wagt bäri üstünlikli dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy nygtady.

Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmak üçin ägirt uly mümkinçilikleri ýüze çykarýandygy-da bellendi.Daşary işler ministri medeni we ynsanperwer ulgamda ABŞ-nyň Ilçileriň Medeni mirasy gorap saklamak gaznasynyň (AFCP) maksatnamasynyň howandarlygynda köp sanly taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigini nygtady we häzirki wagtda Türkmenistanyň Hökümetiniň ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan amala aşyrylýan 16 bilim maksatnamasyna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Çykyşynyň ahyrynda Raşid Meredow ilçi Elizabet Ruda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşine goşan saldamly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Dostlugyň, çuňňur hormatyň we gülläp ösýän parahat geljege ygrarlylygyň nyşany hökmünde amerikan tarapy türkmen hyzmatdaşlaryna simwolik sowgat Goja Aýronsaýdz (Old Ironsides) diýlip atlandyrylýan ABŞ-nyň Deňiz güýçleriniň üç bogaldakly harby gämisiniň agaçdan ýasalan nusgasyny sowgat berdi.

Gämi bu rowaýaty lakamy 1812-nji ýylda, söweş şaýatlary duşman top oklarynyň, hakykatdanam, onuň üç gatlakly mäkäm agaç göwresine urlup, yza zyňylýandygyny haýran galmak bilen synlanlarynda aldy.Söweşde ýeňilmedik fregat iki asyrdan gowrak wagt bäri Amerikanyň kuwwatynyň, azatlygynyň we mertliginiň ýüzüp ýören nyşany bolmagynda galýar.

Goja Aýronsaýdzyň ähli taryhy tupanlardan howpsuz geçip bilşi ýaly, bu sowgat hem ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ajaýyp güýjüni we ygtybarlylygyny alamatlandyrmagy üçin niýetlenendir.Kabul edişligiň resmi bölegi baýramçylyk maksatnamasy bilen dowam etdi.

Myhmanlara mowzukly surat zolaklary hödürlendi, bu bolsa olara Amerikanyň taryhynyň we medeniýetiniň jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik berdi, şeýle hem adaty amerikan tagamlary hödürlendi.Ashga-Brass orkestriniň çykyşy bolsa agşamyň aýdym-sazly bezegi boldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Gadymy Merwiň buddizm medeniýetiniň ýadygärligini dikeltmek işleriniň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisini kabul etdi
1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany