Aşgabatda “Agro Pack” we “Food Turkmenistan 2026” halkara sergileri geçiriler

Aşgabatda “Agro Pack” we “Food Turkmenistan 2026” halkara sergileri geçiriler

2026-njy ýylyň 1214-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde “Agro Pack Turkmenistan 2026” atly halkara ýöriteleşdirilen sergi hem-de “Food Turkmenistan 2026” halkara sergisi geçiriler. Bu barada serginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Sergileriň çäginde azyk we içgi önümlerini öndürmek üçin niýetlenen enjamlar, gaplama maşynlary we serişdeleri, azyk önümlerini we iýmit goşundylaryny, şeýle hem çörek önümleriniň tehnologiýalaryny we myhmanhana-hojalyk ulgamy üçin niýetlenen döwrebap çözgütler görkeziler.

Şeýle-de sergide ýyladyşhana, bagçylyk we tokaýçylyk ugurlarynda alnyp barylýan işleri, däne saklaýyş we degirmen ulgamlary, guşçulyk we maldarçylyk üçin niýetlenen enjamlar, oba hojalyk önümleri, tohumlar, dökünler hem-de suwarmak ulgamlary bilen tanyşdyrmak göz öňünde tutulýar. 2024-nji ýylda geçirilen mundan öňki sergi Türkmenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň 75 kompaniýasyny birleşdirdi. 2026-njy ýylda bolsa guramaçylar halkara gatnaşygyň has-da giňelmegine garaşýarlar — sergä 120-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalygy we azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi maksat edinýärler
Yupekchi Agro Pack Turkmenistan & Turkmen Food sergisinde BOLD Mango-kokos içgisini tanyşdyrýar
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldular
Türkmenistan we Eýran ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça mejlise taýýarlyk görýärler