Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi

29-njy iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi.Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy.Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.

Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.

Altynjy Hazar sammitiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar türkmen paýtagtyndan ugradylar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyk Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly kuwwata eýe bolan Hazar sebitinde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesine öňdengörüjilikli, örän jogapkärli çemeleşýändigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň sammitde beýan eden oňyn başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol başlangyçlar sebit we sebitara derejede özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge, taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.

Munuň özi bolsa umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine doly gabat gelýär.

Ýene degişli makalalar

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkiýe Ortaýer Deňizi Oýunlarynda 96 Medal Bilen Birinji Orny Eýeledi
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasy: bir tapgyrda 40 pökgi geçirildi
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VII sammiti Eýranda geçiriler
Türkmen paýtagtynda altynjy Hazar sammiti geçirildi