Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy

Aşgabatda “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy

11-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda “Dizaýn — 2022” atly Aşgabat forumy we “Araçäksiz dizaýn” atly halkara sergi açyldy. Paýtagtymyzyň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guran çäresi Aşgabat şäherini “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde geçirilýär.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň ylmy we bilimi ösdürmek, medeniýet hem-de milli mirasy aýawly saklamak ulgamynda ÝUNESKO bilen köpugurly gatnaşyklaryny beýan edýän ekspozisiýalar ýerleşdirildi. Ägirt uly monitorlar, yşykly bannerler ornaşdyrylan diwarlyklarda häzirki zaman türkmen megapolisiniň durmuşynyň giň ugurlary görkezildi.

Gözden geçirilişe eksponentleriň onlarçasy, şol sanda binagärlik we gurluşyk ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.Olaryň türkmen paýtagtynda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli taslamalara gatnaşmaga gyzyklanmasy, ilkinji nobatda, Aşgabadyň döwrebap, okgunly ösýän şäheriň täsin nusgasyny özünde jemleýändigi bilen şertlendirilendir.

Türkmen bazarynda özlerini öňdebaryjylaryň hatarynda görkezen daşary ýurtly hyzmatdaşlar — “Gap Inşaat”, “Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi we Tijaret A.Ş.” türk kompaniýalary bu babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça mümkinçiliklerini görkezýärler we tekliplerini öňe sürýärler. Ýaýbaňlandyrylan işleriň giň gerimliligini beýan etmek üçin sergide edara binalarynyň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanly nusgalarydyr çyzgylary ýerleşdirildi.

Bu ýerde görkezilýän innowasion taslamalaryň aglabasy şäher giňişliginiň mundan beýläk-de maksatlaýyn, düzümleýin we estetik ösüşini syn etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň telekeçileri hem-de hususy haryt öndürijileri şäher gurluşygynda we halk hojalyk toplumynyň beýleki ulgamlarynda ― poligrafiýadan başlap, dokma we mebel önümçiligine çenli eýeleýän orunlaryny has-da berkidýärler.

Olar senagat, binagärlik, kompýuter dizaýny ulgamynda öz mümkinçiliklerini giňeldýärler. Şu sergide “Çigildem”, “Aýbölek”, “Ýaşyl ýyldyrym”, “Meşhur interiors”, “Erjel Begenç” ýaly hususy kärhanalar we beýlekiler öz önümleridir hyzmatlaryny hödürlediler.Serginiň çäklerinde Aşgabadyň Modalar öýüniň hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümhanalarynyň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan täze lybaslaryň toplumy görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat gözelligiň mekany
Türkmenistanda “Dizaýn-2022” forumy we “Araçäksiz dizaýn” halkara sergisi açyldy
Dizaýn — 2022 atly Aşgabat forumy we Araçäksiz dizaýn atly halkara sergi
Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi
24.05.2018 | Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi
Ýurdumyzyň energetika pudagynyň kuwwaty artýar