Aşgabatda Bethoweniň eserleriniň konserti geçirildi

Aşgabatda Bethoweniň eserleriniň konserti geçirildi

27-nji noýabrda, Türkmenistan Döwlet konserwatoriýasynyň uly zalynda, kamera orkestri bölümi tarapyndan Lýudwig wan Bethoweniň doglan gününiň 250 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.

Konsert praktikasyndaky mejbury arakesmeden soň, ussatlaryň klassiki saz muşdaklary üçin ýerine ýetiren aýdym-sazynyň garaşylmadyk baýramçylygy boldy, diýip Azatlyk Radiosynyň konserte gatnaşan Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Eserleri meşhur pianistler Wladimir Mkrutumow, Stella Faramazowa, soprano Bahar Durdyýewa we ýaş skripkaçylar Merdan Çaryýew, Aýbolek Muhyýewa we Bahram Dolyýew ýerine ýetirdi.

Koronawirusdan goramak üçin ähli zerur talaplar berk berjaý edildi. El arassalaýjy serişdeler bardy. Konsert wagtynda maskalary çykarmazlyk we çykalgada köp bolup ýygnanmazlyk talaby barada tomaşaçylara sypaýyçylyk bilen duýduryldy. Tomaşaçylaryň bir-birine ýakyn oturmazlygy üçin aralaryndaky oturgyçlar boş goýuldy.

Mundan başga-da, konsertiň dowamynda ýörite adamlar tomaşaçylaryň arasynda aýlanyp, olaryň ýüzlerindäki maskalary burnuň aşagyna düşürmezligine hüşgär boldular.

Konserte tomaşa etmek isleýänler ýeterlikdi we oturan tomaşaçylaryň arasyndaky boş oturgyçlaryň köp bolmagyna garamazdan, zaldaky diwarlaryň ýanynda öz arasynda hem uzaklygy saklamak bilen dik durup saz diňlediler.

Zatdaky pes temperatura, ýagny binany ýylatmak problemasy ýerine ýetirijileriň ussatlygyny we minnetdar tomaşaçylaryň höwes derejesini peseldip bilmedi diýip, Azatlygyň habarçysy belleýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Ýene degişli makalalar

Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Baky saz ýaňlanar...
Türkmen milli konserwatoriýasynda Bethoweniň doglan gününe bagyşlanan konsert geçiriler
Baky saz ýaňlanar...
Aşgabatda Janly klassika konserti geçiriler