Aşgabatda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory bilen gepleşik geçirildi

Aşgabatda BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory bilen gepleşik geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) ýurt boýunça direktory Olaf Ronni Lindstrom bilen duşuşdy. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji martda geçirilen duşuşykda taraplar UNFPA-nyň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary bilen gol çeken ýyllyk meýilnamalarynyň çäklerinde alyp barýan üstünlikli işleri barada aýtdylar.Bu hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hökmünde UNFPA tarapyndan Türkmenistanyň Statistika boýunça döwlet komitetine 2022-nji ýylda ýurduň ilat we ýaşaýyş gaznasynyň ýazuwyny geçirmek we oňa taýýarlyk görmek işlerinde tehniki ýardam berendigini bellendi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Gepleşikleriň barşynda reproduktiw saglyk, gender deňligi we zenanlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi ugurundaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda M.Bäşimowa türkmen tarapynyň UNFPA-nyň Türkmenistanda maşgalada zenanlaryň saglygy we ýagdaýy milli barlaglarynyň netijeleri boýunça Hasabaty taýýarlamaga ýardam bermek işine ýokary baha berýändigini belledi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen UNFPA-nyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde ýaşlar syýasaty ugrundaky hyzmatdaşlygyň bolup durýandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär
Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
Türkmenistan BMG: hyzmatdaşlyk boýunça 26 sany resminama gol çekildi
Ilatynyň sany barada 15 ýyl dymýan Türkmenistan nobatdaky ilat ýazuwyny geçirdi
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy
Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar 
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy