Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli käbir ýollar wagtlaýyn ýapylar

Aşgabatda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli käbir ýollar wagtlaýyn ýapylar

2023-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda giňden ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri bilen birlikde köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler.

Bu ýörişe paýtagtyň Bekrewe we Çandibil köçesiniň aýlawçasyndaky Welosiped binasyndan gündogarlygyna badalga berlip, Çandibil we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň kesişmesindäki aýlawçadan demirgazyklygyna, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli aralykda bolar. Şoňa laýyklykda, günüň birinji ýarymynda ulaglaryň hereketiniň çäklendirilýändigi ýatladylýar.

Turkmenportala berlen habara görä, hereketi Arçabil, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy şaýollarynyň üsti bilen dowam etmeklik maslahat berilýär.

Hormatly sürüjiler! Awtoulaglaryňyzy ýol ýakalarda goýmaklygyň, her bir herekete gatnaşyja düýpli päsgelçilik döredýändigini ýatda saklaň, barýan ugruňyzy öňünden kesgitlemegi unutmaň! diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde gynanç kitaby açyldy
Kiýewde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi geçýär, ulag hereketi bölekleýin çäklendirilýär
Türkmenaragatnaşyk agentligi Ak şäherim Aşgabat sergisinde gazananlaryny görkezýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä bilim forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň we Grenlandiýanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler
Aşgabatda Gallery&Café by Durdy Bayramov atly ilkinji kafe-galereýasy açyldy