Aşgabatda Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň konserti geçirildi

Aşgabatda Burak Bulut bilen Kurtuluş Kuşuň konserti geçirildi

25-nji dekabrda paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly sungat ussatlarynyň Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän baýramçylyk şüweleňi örän gysga wagtda on millionlarça ynsanlaryň söýüp diňleýän estrada ýyldyzlaryna öwrülen türkiýeli aýdymçylar Burak Buludyň we Kurtuluş Kuşuň konserti bilen dowam etdi.

Diňe bir Türkiýede däl, eýsem, bütin dünýäde, ildeşlerimiziň arasynda hem meşhurlyk gazanan ýaş aýdymçylar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmenistanly muşdaklaryny ynsan ömrüniň juwanlyk ýyllarynyň duýgy-düşünjelerini beýan edýän aýdymlary bilen begendirdiler.

Tanyşlyk açyp, sungatdaky döredijilik ýollaryny birikdirenlerine köp wagt geçmedik bolsa-da, 27 ýaşly Burak Buludyň we 26 ýaşly Kurtuluş Kuşuň bilelikdäki köpöwüşginli aýdymlary meşhurlyga eýe boldy. Olaryň durmuş, söýgi temasyndaky özboluşly duýgy-düşünjelere gaplanan bu aýdymlary ýaşlar bilen bir hatarda uly ýaşlylaryň-da ünsüni özüne çekýär.

Biri-birine sepleşýän duet görnüşindäki aýdymlar tomaşaçylary haýrana goýýar.Buragyň agraslygy, Kurtuluşyň hyjuwlylygy biri-biriniň üstüni ýetirip, gaýtalanmajak ajaýyp sazlaşygy döredýär.Janly sesde ýerine ýetirijiligiň diňleýjileriň köňül taryndan gopmagy, Manolýa, Leýli we Mejnun, Bu söýgini terk eden kim?, Söýmedim diýme, Hemme bildi, Sebäpsiz gidenlere ýaly şekilli aýdymlaryň ilkinji görkezilişine sosial media platformalarynda bir minutda 3,5 million gezek tomaşa edilmegi netijesinde uly meşhurlyga eýe bolan ýigitler Täze ýylyň bosagasynda türkmenistanly muşdaklaryna iň täze hem joşgunly aýdymlardan taýýarlan çemenini sowgat etdiler.

Amala aşmadyk arzuwlardan ahmyr çekmezligi ündeýän goşa ýyldyz öz aýdymlary bilen durmuşda her bir adamyň bagtly bolup biljek taraplarynyň perdesini syrýarlar.

Muşdaklaryň çäksiz söýgüsine mynasyp bolan bu aýdymçylar duýgudan püre-pür, ýüregiňi heýjana getiriji çykyşlary bilen ildeşlerimize aýratyn ruhy lezzet paýladylar.

Ýene degişli makalalar

Belentden ýaňlanan owazlar
Gülnabat Abdullaýewa halkara festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy
Gülnabat Abdullaýewa halkara teatr festiwalynyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy
Türkmen teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy
Halkara teatr festiwalynyň ikinji we jemleýji günlerinde nähili eserler sahnalaşdyrylar?