Aşgabatda CAFA NOWRUZ 2026 çagalar futbol festiwaly geçirildi

Aşgabatda CAFA NOWRUZ  2026 çagalar futbol festiwaly geçirildi

Paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdançasynda 7 ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky 250-den gowrak ýaş türgeni bir ýere jemlän CAFA NOWRUZ 2026 atly çagalar futbol festiwaly boldy.

Milli bahar baýramy Halkara Nowruz gününe bagyşlanan bu sport baýramy Türkmenistanyň Futbol federasiýasy hem-de Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) tarapyndan bilelikde guraldy.Festiwalyň geçirilmegi sport we ýaşlar syýasaty babatda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, ýurdumyzda köpçülikleýin futbolyň giňden ýaýradylmagyna hem-de sebitara sport hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilendir.

Sport baýramyny guraýjylar çagalary yzygiderli sport bilen meşgullanmaga çekmek we olaryň beden taýdan kämilleşmegine ýardam edýän dürli çäreleri taýýarladylar.Onuň çäklerinde ýaş futbolçylar özleriniň tehniki taýýarlygyny, ýeňşe bolan erjelligini we toparda oýnamak ukyplaryny görkezdiler. Şeýle başlangyçlar ýurdumyzyň sport ätiýaçlygyny kemala getirmekde we ýaşlary işjeň dynç alşyň gymmatlyklaryna uýgunlaşdyrmakda möhüm tapgyr bolup durýar diýip, guramaçylyk toparynyň wekilleri bellediler.

Bäsleşikleriň ahyrynda sylaglamak çäresi geçirildi.CAFA NOWRUZ 2026 festiwalyna gatnaşyjylaryň ählisine guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Geljegiň ýyldyzlary meýdançada: Grassroots futbol festiwallary
Türkmenistanyň paýtagtynda AFK zenan futboly güni bellendi
Aşgabatda Ýewropa güni bellenildi: medeniýet we dostluk dili terjime talap etmeýär
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
TEKNOFEST öz işini tamamlady
Türkmenfilm Gorkut ata eposy esasynda film surata düşürýär