Aşgabatda Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Aşgabatda Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary ilkinji türkmen kompozitory Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli konsert berdi.

Tenor Meýlis Myratgeldiýew bilen Begenç Gaýybow konsertde türkmen operasynyň düýbüni tutan Daňatar Öwezowyň saýlama eserlerini ýetiren ýetirdiler. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär.

Wokalçylaryň iki hem Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde Aman Amanowdan sapak alýarlar.

Konserti alyp baryjy Meýlis Myratgeldiýewiň talyby Keýik Artykowa konserde gatnaşyjylary ussat kompozitoryň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyrdylar.

Konserdiň başynda Meýlis Myratgeldiýew Leýla aýdymyny, Begenç Gaýybow bolsa Ýok, ýok liriki aýdymy ýerine ýetirdiler. Soňra Konsertde Dilberjan, Gyzlar aýdymlary bilen birlikde D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň

Şasenem-Garyp, D.Öwezowyň we Ý.Meýtusyň Leýli-Mejnun operalaryndan arialar hem-de ariozalar ýaňlandy.

Dabara hormatly myhman hökmünde Daňatar Öwezowyň gyzlary Aýlar Aýna hem gatnaşdylar. Olaryň ikisem kakasynyň adyny göterýän orta hünär mekdebiniň mugallymlary.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkmen we azerbaýjan onlaýn-konserti
Aýdym-saz sungatynyň türkmen we azerbaýjan wekilleri bilelikde onlaýn-konsert berdiler
Moskwanyň Dutaryň owazy atly IX halkara sungat festiwalynyň jemleýji çäreleri geçirilýär
MOSKWANYŇ DUTARYŇ OWAZY ATLY IX HALKARA SUNGAT FESTIWALYNYŇ JEMLEÝJI ÇÄRELERI GEÇIRILÝÄR
Keýik Artykowanyň ýekelikdäki konserti geçirildi
Ajyksaň aýdym aýt: aýdym nädip horlanmaga kömek edýär