Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi

Aşgabatda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ösdürmek boýunça duşuşyk geçirildi

Aşgabatda RŽD Logistika paýdarlar jemgyýeti, RŽD açyk paýdarlar jemgyýeti we Türkmen demir ýollarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça haryt daşamagyň şertlerini gowulandyrmak üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmleri göz öňünde tutuldy diýip, RŽD Logistika habar berýär.

Taraplar bäsdeşlik nyrhnama şertlerini saklamagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar, ýüztutmalary gyssagly tassyklamagyň we ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça haryt daşamak üçin nyrhlaryň alynmagynyň tertibini hem-de şertlerini kesgitlediler, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük edaralary bilen özara gatnaşyk meselelerine garadylar.

Bu meseleleriň çözülmegi ulag geçelgesiniň geçirijiligini ýokarlandyrmaga we Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň gündogar şahasynda yzygiderli gatnawlaryň bolmagyny üpjün edýän ýük bazasyny ýokarlandyrmaga kömek eder diýlip, habarda aýdylýar.

Ýeri gelende ýatlap geçsek, ýaňy-ýakynda RŽD Logistika (RF), KTZ Express (Gazagystan) we Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi halkara we üstaşyr ýük gatnawy boýunça hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler.

Ýene degişli makalalar

Dubaýyň howa menzili BAE-den Türkmenistana uçuşlaryň täzelenen tertibini köpçülige ýetirdi, Putin Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordenini gowşurdy, Türkmenistanda geçiriljek ilat ýazuwy barada nämeleri bilmeli
RŽD Logistika, KTZ Express we TULM halkara üstaşyr ýük daşamalary boýunça Ähtnama gol çekdiler
Türkmen, gazak we rus kompaniýalary bilelikdäki demir ýol hyzmatyny işjeňleşdirerler
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär