Aşgabatda futbol tälimçileri üçin okuw kursy geçirildi

Aşgabatda futbol tälimçileri üçin okuw kursy geçirildi

AFK-nyň gözükdirijisi, eýranly hünärmen Parnow Abdohosseýin Türkmenistanda Level 1B tälimçilik kursuny berdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Okuwlar Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guraldy.

Paýtagtda geçirilen beden taýýarlygy boýunça okuw-kursunyň gözükdirijisine ýerli hünärmen ― AFK-nyň gözükdirijisi Röwşen Muhadow ýardam berdi. Okuw-kursy nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine aldy.

Okuw-kursuna ýerli hünärmenleriň 11-siniň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, okuw-kursy 2019-njy ýylda paýtagtymyzda geçirilen AFK-nyň Level 1A okuw-kursunyň dowamy bolup durýar.

Geçirilen okuw-kursunyň jemi boýunça synaglardan üstünlikli geçenlere ýörite sertifikatlar gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Mergen Orazow: Türkmen futboly ýokary derejede bolmaga mynasypdyr
'Arkadag' utmaly. Futbol 'janköýerleri' üçin taýýarlyk çäreleri geçirilýär
Aşgabatda 'Al Nasr' bilen öýnajak 'Arkadagyň' janköýerlerini taýýarlamak üçin maşklar dowam edýär
Aşgabatda 'Arkadag'-'Al-Nassr' futbol öýny geçer, Ronaldo Türkmenistana barmady
'Arkadag' 'Al-Nassrdan' utuldy, 'janköýerler' çeken kösençligi barada gürrüň berdiler
Ronaldosyz oýnan 'Al-Nassr' futbolçylary Arkadagy’ ýeňdi
'Arkadagyň' Riýaddaky oýnuna ugradyljak türkmen janköýerleri saýlanýar