Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, wise-premýer GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek maksady bilen, 20-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde maglumat brifingini, 23-nji maýda bolsa Aşgabatda degişli iş duşuşygyny geçirmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň aýtmagyna görä, mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama gol çekmek hem-de metbugat maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer, daşary işler ministrine Aşgabatda geçiriljek GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi hem-de bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Geçen ýylyň 13-nji oktýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda GDA-nyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary kabul edildi
Aşgabat global terrorçylyga garşy göreşde BMG bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistan bilen Özbegistan strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegini maslahatlaşdy
Aşgabatda “Merkezi AziýaÝB” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler
BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Kararnama kabul etdi