Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy

15 ― 20-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy.

Halkara ýaryşyň duşuşyklaryna 15-nji aprelde badalga berler. Eýýäm şol gün sagat 10:00-da başlanjak Feniks ― Oman Khanjars duşuşygy bilen halkara ýaryşa badalga bermek meýilleşdirilýär.

Ýaryşda her gün sekiz duşuşyk geçiriler. Bu bolsa her gün her toparçada bir wekiliň dynç aljakdygyny görkezýär. Duşuşyklaryň ählisi Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçiriler. Toplumyň uly buz meýdançasynda A, kiçi buz meýdançasynda bolsa B toparçanyň duşuşyklaryny geçirmek meýilleşdirilýär.

Aşgabadyň Galkan hokkeý topary ilkinji duşuşygyny 15-nji aprelde geçiriljek açylyş dabarasyndan soň Bahreýn topary bilen geçirer.A toparçada ýaryşjak ildeşlerimiziň 16-njy apreldäki garşydaşy Oman Khanjars bolar. 17-nji aprelde Ice Box, 18-nji aprelde Feniks bilen güýç synanyşjak Galkan 19-njy aprel güni dynç alar.

Topar öz toparçasynda birinji ýa ikinji orny eýeläp bilse, 20-nji aprel güni geçiriljek aýgytlaýjy duşuşyklara gatnaşmaga hukuk gazanar. Şol gün toplumyň uly buz meýdançasynda iki toparçada hem ikinji orny eýelän wekilleriň arasynda umumy ýaryşyň üçünji orny, toparçalaryň birinjileriniň arasynda bolsa halkara ýaryşyň çempionlygy ugrunda duşuşyklar geçiriler.

Mahlasy, hokkeý janköýerleri halkara ýaryşyň dowamynda 22 duşuşyga tomaşa edip bilerler.

15.04.2024ý - I tapgyr

“A” topar

“B” topar

16.04.2024ý II tapgyr

“A” topar

“B” topar

17.04.2024ý III tapgyr

“A” topar

“B” topar

18.04.2024ý IV tapgyr

“A” topar

“B” topar

19.04.2024ý V tapgyr

“A” topar

“B” topar

20.04.2024ý - JEMLEÝJI TAPGYR:

Gyşky oýunlar sport toplumynyň uly buz meýdançasy

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky halkara hokkeý ýaryşyna 10 topar gatnaşar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Galkan halkara hokkeý ýaryşynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň toparyny uly hasapda ýeňdi
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri