Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar

“ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow şu ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna taýýarlyk işleri barada Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berdi.

Şu ýylyň 13 — 17-nji oktýabrynda geçiriljek bu abraýly ýaryş Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Welosport federasiýasy hem-de Halkara welosipedçiler birleşigi bilen bilelikde gurnalar. Dünýa çempionaty, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň beýleki desgalary ýaly Halkara Olimpiýa

Komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän, ýapyk görnüşli welotrek sport toplumynda geçiriler. Bu ýaryşlara dünýäniň 186 döwletiniň wekilleri gatnaşar.

I.Makarow, Halkara welosipedçiler birleşiginiň bu ýaryşlary ýokary derejede geçirmek we guramaçylyk bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem Türkmenistana geljek wekiliýetlere waksinasiýa geçirmek boýunça uly işleri amala aşyrjakdygyna ynandyrdy.

Çeşme: orient.tm

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatyna 186 döwletden türgenler gatnaşarlar
Türkmenistan we Ermenistan halkara derejesinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Ylhamyň, gözelligiň mekany
Ylhamyň, gözelligiň mekany
3-NJI IÝUN BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI
Serdar Berdimuhamedow Aziýanyň Welosport konfederasiýasynyň prezidentini kabul etdi