Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi

Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi

Ozal habar berşimiz ýaly, 14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýurduň paýtagty Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutanymyz uçuş mahalynda Aşgabat şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlap, ýerine ýetirilýän giň möçberli işlerde ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň döwrebap bilimli we kämil hünärli bolmaklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.

Uçuş mahalynda döwlet Baştutanymyzyň ýanynda bolýan wise-premýer B.Annamämmedow, ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, häzirki döwürde hereket edýän Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze, ýagny Güneşli ady bilen bina ediljek merkeziniň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze toplumyň gurluşygyna örän jogapkärli çemeleşmelidigini belläp, onuň bina ediljek ýerini kesgitledi we degişli halkara bäsleşigi yglan etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu merkez Aşgabadyň gözel ýerleriniň birinde, seleň howaly ajaýyp künjeginde, arassa ekologiýa gurşawynyň jümmüşinde gurlar we çagalaryň durmuşyna özboluşly nur çaýar.

Döwlet Baştutanymyz bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň ýokary derejeli bilimli bolmaklary, döredijiligiň üsti bilen ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri we olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklary bilen bir hatarda, çagalaryň zähmete bolan höwesini artdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze merkezde dürli hünärlere ugrukdyrýan gurnaklaryň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini belläp, onuň taslamalary taýýarlananda we gurluşygynda häzirki zaman talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi
Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
Kadaly uklaýaryn…
Nebit daşalyşy artdyrylýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi